20-Özümi söýýänlere baýlygy miras berýän, olaryň hazynalaryny doldurýan. Çünki men dogrulyk ýolundan, adalat ýodalaryndan ýöreýän.
Süleýmanyň pähimleri 8:20
Gündelik Ýagtylyk

20-Özümi söýýänlere baýlygy miras berýän, olaryň hazynalaryny doldurýan. Çünki men dogrulyk ýolundan, adalat ýodalaryndan ýöreýän.
Süleýmanyň pähimleri 8:20
«Sizi ýolda gorar ýaly we taýýarlan ýerime getirer ýaly, Men siziň öňüňizden perişde iberýärin.
Müsürden çykyş 23:20
Olar azap çekende, gynandy Ol. Huzuryndan gelen perişde olary halas etdi; söýgüsi we rehimi bilen azat etdi olary; owaldan olary elinde göterip geldi.
Işaýa 63:9
Ynsan ogullarynyň içinde iň görmegeýi sen, merhemet saçylýar seniň diliňden; şoňa görä Hudaý seni baky ýalkady.
Zebur 44:3
Derä inýän mal sürüsi dek, Rebbiň Ruhy olara rahatlyk berdi. Özüňe şöhratly at edinmek üçin halkyňa, ine, şeýle ýol görkezdiň.
Işaýa 63:14
Men bolsa egsilmez sadyk söýgiň arkaly, girerin Seniň öýüňe; men Senden heder ederin, mukaddes ybadathanaňa tarap tagzym ederin.
Zebur 5:8
Milletleri kowup Öz eliň bilen, Sen atalarymyza ýer berdiň. Halklary wes-weýran edip, Sen atalarymyzy ýaýratdyň. Olar ýurdy eýelemediler gylyjy bilen, ýeňşi gazanmadylar gollary bilen – Seniň eliň, goluň, ýüzüňiň nury edendir muny; çünki Sen juda söýdüň olary.
Zebur 43:3–4
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
10 noý 2023
Kolosiýalylar 1:10
9 noý 2023
Zebur 89:19
8 noý 2023
1 Salonikliler 5:8
7 noý 2023
Zebur 107:8
6 noý 2023
Kolosiýalylar 3:4
5 noý 2023
Müsürden çykyş 30:23
4 noý 2023
1 Petrus 1:6

Iman
Yusubyň doganlaryna beren görkezmeleri Ysraýylyň Mesihdäki geljekki imanlaryny öňünden görkezýär. Hudaýa…
Mukaddes Ruh
Mukaddes Ruh baradaky Mukaddes Kitap hakykatyny öwreniň: Onuň ylahy şahsyýeti, işi we iman edýänleriň içinde…
Palma Ýekşenbesi
Palma Ýekşenbesiniň manysyny we Ysraýylyň Isany ret etmegini düşüniň. Bu makala Purim wakasyny we häzirki…
Halasgärlik
Bir oglanjyk ejesiniň ary çakmagy bilen Isanyň orunbasar tölegi barada öwrenýär.
Günä
Ýüregiň we günäniň ruhy keseli hökmünde Injildäki manysyny öwreniň. Hudaýyň garaýşyny, Şeýtanyň hüjümlerini…
Jynsy arassalyk
Hudaý jynsy gatnaşyklary nika üçin döretdi. Sodomyň mysaly, Hudaýyň gomoseksualizm baradaky hökümini…

Iman
Yusubyň doganlaryna beren görkezmeleri Ysraýylyň Mesihdäki geljekki imanlaryny öňünden görkezýär. Hudaýa…

Mukaddes Ruh
Mukaddes Ruh baradaky Mukaddes Kitap hakykatyny öwreniň: Onuň ylahy şahsyýeti, işi we iman edýänleriň içinde…