Ýa-da ol pena yzlap, Maňa ýapyşsyn, Meniň bilen ýaraşyk etsin, ýaraşyk etsin Meniň bilen.
Işaýa 27:5
Gündelik Ýagtylyk

Ýa-da ol pena yzlap, Maňa ýapyşsyn, Meniň bilen ýaraşyk etsin, ýaraşyk etsin Meniň bilen.
Işaýa 27:5
Çünki siziň üçin niýetlän meýillerimi Özüm bilýärin. Muny Reb aýdýandyr. Bular size ýamanlyk etmek däl-de, umytly geljek bermek üçin parahatlyk niýetleridir.
Ýermeýa 29:11
indi bolsa Isa Mesihe degişlisiňiz. Siz birwagtlar Hudaýdan uzakdyňyz, indi bolsa Isa Mesihiň döken gany arkaly Oňa ýakynsyňyz. Hakykatdanam, Mesihiň Özi biziň parahatlygymyzdyr. Ol Öz janyny gurban edip, bu iki topary bir etdi, olaryň arasyndaky duşmançylyk diwaryny ýykyp taşlady.
Efesliler 2:13–14
Çünki Hudaý doly kämilliginiň Isada ornaşmagyny makul bildi. Mesihiň haçda döken gany arkaly parahatçylygy berkarar edip, Hudaý ýerdäki we gökdäki ähli zady Özi bilen ýaraşdyrmagy makul bildi.
Kolosiýalylar 1:19–20
Ýöne olar Hudaýyň merhemeti arkaly aklandylar, Isa Mesih arkaly günäleriniň jezasyndan azat edildiler. 25-26 Hudaý Öz adalatyny görkezmek üçin Isa Mesihi iberip, Onuň dökülen gany arkaly iman edýänleri Özi bilen ýaraşdyrdy. Hudaý ozalky döwürde edilen günälere geçirimlilik etdi. Indi bolsa Isa Mesihe iman edýän her kesi aklaýar. Şeýdip, Ol Özüniň adalatlydygyny subut edýär.
Rimliler 3:24–26
Emma günälerimizi boýun alsak, sadyk hem adalatly Hudaý günälerimizi bagyşlar we bizi her hili ýamanlykdan tämizlär.
1 Ýohanna 1:9
Rebbe ebedilik bil bagla, çünki Beýik Hudaý ebedi Gaýadyr.
Işaýa 26:4
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
22 dek 2023
1 Salonikliler 1:3
21 dek 2023
Işaýa 60:20
20 dek 2023
Efesliler 1:4
19 dek 2023
Zebur 112:4
18 dek 2023
Ýewreýler 4:16
17 dek 2023
Zebur 80:18
16 dek 2023
Ýohanna 13:1
Günä
Bir söhbetdeşlik tekepbirlik we özümçillik ýaly içki duşmanlary ýüze çykarýar. Hudaýyň Mesihiň gurbany arkaly…

Hudaýyň hökümdarlygy
Ysraýylyň 70 ýyllyk Babil ýesirligini, Hudaýyň terbiýe maksadyny we Onuň dikeldiş wadasyny öwreniň.