Goý, parahatlygyň gözbaşy bolan Hudaý sizi hemmetaraplaýyn päklesin. Rebbimiz Isa Mesih gelende ruhuňyz, janyňyz we bedeniňiz aýypsyz bolsun.
1 Salonikliler 5:23
Gündelik Ýagtylyk

Goý, parahatlygyň gözbaşy bolan Hudaý sizi hemmetaraplaýyn päklesin. Rebbimiz Isa Mesih gelende ruhuňyz, janyňyz we bedeniňiz aýypsyz bolsun.
1 Salonikliler 5:23
25-Eý, ärler, Isa Mesihiň imanlylar ýygnagyny söýşi ýaly, siz hem öz aýalyňyzy söýüň. Ol Öz ýygnagyny suw bilen ýuwup, Hudaýyň sözi bilen tämizledi, ony Özüne mukaddes halk edinmek üçin, janyny gurban etdi.
Efesliler 5:25
Ol muny Öz huzuryna tegmiltsiz, ýygyrtsyz, birkemsiz, ýagny şöhratda mukaddes hem müýnsüz bir ajaýyp ýygnagy getirmek üçin etdi.
Efesliler 5:27
Şeýlelikde, biz hemmelere Mesih hakda wagyz edýäris. Olary Mesihiň bedeniniň kämil agzasy hökmünde hödürlär ýaly, her bir ynsana öwüt-ündew edip, uly akyldarlyk bilen taglym berýäris.
Kolosiýalylar 1:28
Şonda Hudaýyň parahatlygy ýürekleriňizi we pikirleriňizi Isa Mesih arkaly gorar. Bu parahatlyk ynsan düşünerden juda belentdir.
Filipililer 4:7
Kalbyňyzda Mesihiň parahatlygy höküm sürsün. Çünki siz bir bedeniň agzalary bolup, bu parahatçylyga çagyrylansyňyz. Hemişe şükürli boluň.
Kolosiýalylar 3:15
16-Atamyz Hudaý bizi söýüp, Öz merhemeti arkaly bize ebedi teselli bilen ýagşy umyt berdi. Goý, Rebbimiz Isa Mesihiň Özi we Atamyz Hudaý size teselli bersin, her bir ýagşy işde we sözde size güýç bersin.
2 Salonikliler 2:16–17
Rebbimiz Isa Mesihiň geljek gününde aýypsyz bolmagyňyz üçin, Onuň Özi sizi ahyra çenli berkider.
1 Korintoslylar 1:8
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
9 ýan 2024
Zebur 60:4
8 ýan 2024
Zebur 9:10
7 ýan 2024
Nehemýa 5:19
6 ýan 2024
Zebur 90:17
5 ýan 2024
Ýewreýler 4:3
4 ýan 2024
Kanun taglymaty 12:9
3 ýan 2024
Zebur 107:7

Nika
Bir erkek aýalyny çagasyzlyk sebäpli aýrylyşyp bilermi? Hudaýyň nika, aýrylyşmak we çagalar baradaky Injil…
Mukaddes Ruh
Mukaddes Ruh bilen doldurylmagyň Injildäki manysyny öwreniň, ony ýaşaýyş, suwda çokundyrylmak we ruhy…
Nika
Hudaýa ýakymly hristian nikasyna taýýarlanyň, söýgüli we nika öňi maslahatlary baradaky Mukaddes Kitap…
Mukaddes Ruh
Mukaddes Ruh baradaky Mukaddes Kitap hakykatyny öwreniň: Onuň ylahy şahsyýeti, işi we iman edýänleriň içinde…

Nika
Bir erkek aýalyny çagasyzlyk sebäpli aýrylyşyp bilermi? Hudaýyň nika, aýrylyşmak we çagalar baradaky Injil…
Ikinji Geliş
Mesih bilen gaýdyp gelýän 'mukaddesleriň' kimdigini açyň, ybadathanany Köne Ähtden we beýleki mukaddeslerden…

Mukaddes Ruh
Mukaddes Ruh bilen doldurylmagyň Injildäki manysyny öwreniň, ony ýaşaýyş, suwda çokundyrylmak we ruhy…

Nika
Hudaýa ýakymly hristian nikasyna taýýarlanyň, söýgüli we nika öňi maslahatlary baradaky Mukaddes Kitap…
Nika
Söýgi, şatlyk we parahatçylyk ýaly Mukaddes Ruhyň dokuz miwesiniň nikanyňyzy nädip berkitjekdigini öwreniň.