Şoňa görä-de, siz hem özüňizi günä üçin öli, Isa Mesih bilen birigendigiňiz sebäpli Hudaý üçin diri saýyň.
Rimliler 6:11
Gündelik Ýagtylyk

Şoňa görä-de, siz hem özüňizi günä üçin öli, Isa Mesih bilen birigendigiňiz sebäpli Hudaý üçin diri saýyň.
Rimliler 6:11
Hakykatdan hem, Meniň sözlerimi diňläp, Meni Iberene iman eden adam baky ýaşaýşa eýe bolýandyr, ol höküm edilmez. Ol ölümden ýaşaýşa geçendir.
Ýohanna 5:24
Mukaddes Kanunyň özi meni ölüme höküm etdi. Şoňa görä-de, men Mukaddes Kanun üçin öli bolup, indi onuň gözegçiliginde däldirin. Men indi Hudaý üçin ýaşaýandyryn. Men Mesih bilen haça çüýlendim: indi men däl-de, mendäki Mesih ýaşaýandyr. Bedendäki ýaşaýşym bolsa Hudaýyň Ogluna bolan imanym arkalydyr. Ol meni söýüp, Özüni meniň üçin gurban etdi.
Galatýalylar 2:19–20
Az salymdan soň dünýä Meni görmez, emma siz görersiňiz. Meniň ýaşaýandygym üçin, siz-de ýaşarsyňyz.
Ýohanna 14:19
Men olara baky ýaşaýyş berýärin. Olar asla heläk bolmaz, hiç kim olary Meniň elimden kakyp almaz. Olary Maňa beren Atam hemmeden beýikdir. Atamyň elinden olary hiç kim alyp bilmez. Atam Ikimiz birdiris» diýip jogap berdi.
Ýohanna 10:28–30
Şeýlelikde, Mesih bilen direlendigiňize görä, göklerdäki zatlary agtaryň. Mesih gökde Hudaýyň sagynda oturandyr.
Kolosiýalylar 3:1
Çünki siz ölensiňiz, durmuşyňyz bolsa Mesih bilen bile Hudaýda gizlenendir.
Kolosiýalylar 3:3
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
26 few 2024
Ýermeýanyň agysy 3:40
25 few 2024
Ýakup 4:7
24 few 2024
Ezekiýel 36:37
23 few 2024
Ýewreýler 12:24
22 few 2024
Zebur 25:12
21 few 2024
Lewiler 20:8
20 few 2024
Işaýa 53:11

Nika
Hudaýa ýakymly hristian nikasyna taýýarlanyň, söýgüli we nika öňi maslahatlary baradaky Mukaddes Kitap…
Garaşlylyk
Garaşlylyk we günä durmuşy ýok edýär. Problemaňyzy biliň, ejizligiňizi boýun alyň we dowamly dikeldiş we…
Dünýewilik
Dünýewilik mesihçiniň durmuşyny zaýalap bilýän inçe günädir. Bu döwürde onuň özüne çekijiligini ýeňmegi…
Iman
Durmuş ýaryşdyr, ýöne ýeňiş dünýewi üstünlikde däldir. Ebedi baýragyňyzy gazanmak üçin Süleýmanyň…
Hudaýyň hökümdarlygy
Hudaý ýüregimizde birinji orunda bolmagy talap edýär, bäsdeşlere ýol bermeýär. Adam bilen Ybraýymyň…
Günä
Bir söhbetdeşlik tekepbirlik we özümçillik ýaly içki duşmanlary ýüze çykarýar. Hudaýyň Mesihiň gurbany arkaly…