4-Olar dillerini gylyç kimin ýiteldýär;
bigünäni bukudan atmakçy bolup,
ajy sözlerini peýkam kimin çeneýär;
duýman durka ony atyp, asla gorkmaýar.
Olar ýaman niýetlerinden asla dänmeýär,
gizlin duzaklary gurmak üçin dil birikdirýär,
«Olary görjek barmy?» diýip oýlanýar.
Zebur 63:5–6
Müşki-anbarlaryň neneňsi hoşboý,
adyň-da dökülen atyr deý,
şonuň üçin gyzlar söýýärler seni.
Nagmalar 1:2
Hudaý biziň penamyz hem-de güýjümiz,
Ol muşakgat wagty dadymyza ýetişýär.
Zebur 45:2
Jeňňel agaçlarynyň arasyndaky alma agajy deý,
ýigitleriň arasynda söýgüli ýarym.
Lezzetlidir maňa saýasy onuň,
miwesiniň tagamy agzymdan gitmez.
Ol meni meýlishana getirdi,
maňa söýgi meýli bardy onda.
Nagmalar 2:3–4
Aýaklary sap altyn üstünde oturdylan
mermer sütünler deý,
görki Liwan deý,
saýlama kedr agaçlary deý.
Dodaklary iň datly,
katdy-kamaty owadan.
Bu meniň ýarymdyr, dostumdyr,
eý, Iýerusalim gyzlary!
Nagmalar 5:15–16