Emma indi, eý, Ýakup, seni ýaradan, eý, Ysraýyl, seni döreden Reb şeýle diýýär: «Gorkma, çünki Men seni azat etdim, adyňy tutup çagyrdym, sen Meniňkisiň.
Işaýa 43:1
Gündelik Ýagtylyk

Emma indi, eý, Ýakup, seni ýaradan, eý, Ysraýyl, seni döreden Reb şeýle diýýär: «Gorkma, çünki Men seni azat etdim, adyňy tutup çagyrdym, sen Meniňkisiň.
Işaýa 43:1
Gorkma, utanja galmarsyň sen; ruhdan düşme, ryswa bolmarsyň sen; ýaşlygyňdaky utanjyňy unudarsyň, dulluk ryswaňy ýatlamarsyň mundan beýläk. Ýaradyjyň seniň äriňdir, Onuň ady Hökmürowan Rebdir; Ysraýylyň Mukaddesi Penakäriňdir, Oňa bütin dünýäniň Hudaýy diýilýär.
Işaýa 54:4–5
Ýazyklaryňyzy bulut kimin, günäleriňizi duman kimin aýraryn. Maňa dolan, çünki Men sizi yzyňyza aldym».
Işaýa 44:22
Tersine, Hudaýyň şikessiz hem tegmiltsiz gurbanlyk Guzusy bolan Mesihiň gymmatly gany arkaly halas edilensiňiz.
1 Petrus 1:19
Emma Ysraýylyň Penakäri güýçlüdir, Onuň ady Hökmürowan Rebdir. Ol Ysraýylyň işini derňäp, ýurda rahatlyk berer, emma Babylyň ilatyna biynjalyk berer».
Ýermeýa 50:34
Olary Maňa beren Atam hemmeden beýikdir. Atamyň elinden olary hiç kim alyp bilmez.
Ýohanna 10:29
Atamyz Hudaýyň we Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti, parahatlygy, goý, size ýar bolsun. Atamyz Hudaýyň yradasyna görä, Rebbimiz Isa bizi şu azgyn döwürden halas etmekçi bolup, günälerimiz üçin Özüni gurban etdi. Oňa ebedilik şan-şöhrat bolsun! Omyn!
Galatýalylar 1:3–5
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
8 apr 2024
1 Korintoslylar 1:5
7 apr 2024
2 Korintoslylar 6:10
6 apr 2024
Ýewreýler 7:25
5 apr 2024
Gelip çykyş 32:26
4 apr 2024
Aýanlyk 1:17
3 apr 2024
2 Petrus 3:8–9
2 apr 2024
1 Ýohanna 5:21

Halasgärlik
Mesihiň ganynyň günäleri bagyşlamak we ebedi ýaşaýşy almak üçin näme üçin möhümdigini öwreniň. Hudaýyň halas…
Iman
Durmuş ýaryşdyr, ýöne ýeňiş dünýewi üstünlikde däldir. Ebedi baýragyňyzy gazanmak üçin Süleýmanyň…
Iman
Hudaýy söýmek, başgalara hyzmat etmek we Mesihiň gaýdyp gelmegine garaşmak arkaly hakyky bagtly täze ýyly…
Hudaýyň hökümdarlygy
Hudaý ýüregimizde birinji orunda bolmagy talap edýär, bäsdeşlere ýol bermeýär. Adam bilen Ybraýymyň…
Mukaddes Ruh
Mukaddes Ruh bilen doldurylmagyň Injildäki manysyny öwreniň, ony ýaşaýyş, suwda çokundyrylmak we ruhy…

Halasgärlik
Mesihiň ganynyň günäleri bagyşlamak we ebedi ýaşaýşy almak üçin näme üçin möhümdigini öwreniň. Hudaýyň halas…

Iman
Durmuş ýaryşdyr, ýöne ýeňiş dünýewi üstünlikde däldir. Ebedi baýragyňyzy gazanmak üçin Süleýmanyň…

Iman
Hudaýy söýmek, başgalara hyzmat etmek we Mesihiň gaýdyp gelmegine garaşmak arkaly hakyky bagtly täze ýyly…
Halasgärlik
Hudaýyň Guzusynyň ähli zerurlyklar üçin ýeterlik bolan çuňňur täsirini öwreniň. Guzynyň bir oglanjykdan…

Hudaýyň hökümdarlygy
Hudaý ýüregimizde birinji orunda bolmagy talap edýär, bäsdeşlere ýol bermeýär. Adam bilen Ybraýymyň…