Ýakup oýanyp: «Hakykatdan-da, Reb şu ýerde. Men muny bilmändirin!» diýdi.
Gelip çykyş 28:16
Gündelik Ýagtylyk

Ýakup oýanyp: «Hakykatdan-da, Reb şu ýerde. Men muny bilmändirin!» diýdi.
Gelip çykyş 28:16
Meniň adym bilen iki ýa-da üç adam üýşse, Men hem olaryň arasynda bolaryn».
Matta 18:20
Size buýran ähli zatlarymy berjaý etmegi olara öwrediň. Men hemişe, tä dünýäniň ahyryna çenli siziň bilen bolaryn» diýdi.
Matta 28:20
Reb Musa: «Men seniň bilen giderin we saňa parahatçylyk bererin» diýdi.
Müsürden çykyş 33:14
Rebbe diýdim: «Meniň Hudaýym Sensiň, ýa Reb, dady-perýadymyň sesini eşit. Eý, Hökmürowan Reb, güýçli Halasgärimsiň söweş güni başymy Sen gorandyrsyň.
Zebur 139:7–8
Eýsem Men diňe ýakyndaky Hudaýmy? Uzakdaky Hudaý dälmi? Muny Reb aýdýandyr. Gizlin ýerlerde bukulany Meniň görmejek gümanym barmy? Muny Reb aýdýandyr. Asmany hem ýeri Men doldurmaýarynmy? Muny Reb aýdýandyr.
Ýermeýa 23:23–24
Emma Hudaý ýerde mesgen tutarmy? Seni hatda gök-de, gökleriň gögi-de içine sygdyryp bilmeýär. Onsoň meniň bu salan öýüm dagy nämejik!
1 Patyşalar 8:27
Beýik hem belent Bolan, ebedi Ýaşaýan, ady Mukaddes Bolan şeýle diýýär: «Men beýik, mukaddes ýerde ýaşaýaryn, pesgöwünlileriň ruhuny janlandyrmak üçin, ezilenleriň ýüreklerini janlandyrmak üçin, ezilenler we kiçigöwünliler bilen biledirin.
Işaýa 57:15
Hudaýyň ybadathanasy bilen butlaryň, heý-de, özara ylalaşygy bolarmy? Çünki biz diri Hudaýyň ybadathanasydyrys. Hudaý: «Men olaryň arasynda mesgen tutaryn we olaryň arasynda bolaryn. Men olaryň Hudaýy, olar hem Meniň halkym bolarlar» diýipdi ahyryn.
2 Korintoslylar 6:16
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
1 maý 2024
Galatýalylar 5:22
30 apr 2024
1 Ýohanna 2:5
29 apr 2024
1 Şamuwel 12:24
28 apr 2024
Ýohanna 1:29
27 apr 2024
1 Korintoslylar 7:29
26 apr 2024
Nagmalar 2:6
25 apr 2024
Matta 1:21
Parabollar
Isa pygamberiň Matta 13-däki bugdaý we haşal otlar hakyndaky mysalyny öwreniň. Onuň manysyny, taryhy…
Günä
Ýüregiň we günäniň ruhy keseli hökmünde Injildäki manysyny öwreniň. Hudaýyň garaýşyny, Şeýtanyň hüjümlerini…
Hudaýyň Patyşalygy
Mukaddes Kitaby Öwrenmek
Hudaýyň Sözüni we onuň güýjüni täzeden açyň. Patyşa Ýoşiýanyň ýitirilen Kanun kitabyny tapmak mysalyndan…
Hudaýyň hökümdarlygy
Mukaddes Kitap Hudaýyň birini ölüden direldip bilýändigini görkezýär, ýöne adatça habarlar üçin beýle…
Isa Mesih
Dawut patyşalyk güýjüni ele almak üçin uzak wagt garaşmaly boldy. Bu babatda ol Mesih üçin bir nusgadyr, Ol…
Hudaýyň patyşalygynyň ruhy tebigatyny, onuň taryhy kontekstini we mesihçileriň raýatlar hökmünde nädip…

Mukaddes Kitaby Öwrenmek
Hudaýyň Sözüni we onuň güýjüni täzeden açyň. Patyşa Ýoşiýanyň ýitirilen Kanun kitabyny tapmak mysalyndan…

Hudaýyň hökümdarlygy
Mukaddes Kitap Hudaýyň birini ölüden direldip bilýändigini görkezýär, ýöne adatça habarlar üçin beýle…

Isa Mesih
Dawut patyşalyk güýjüni ele almak üçin uzak wagt garaşmaly boldy. Bu babatda ol Mesih üçin bir nusgadyr, Ol…