Eý, doganlar, men size şuny hem aýtmakçy: bellenilen wagt juda golaýlandyr. Şoňa görä-de, maşgalasy bolanlar edil maşgalasy ýok adamlar ýaly bolsun.
1 Korintoslylar 7:29
Gündelik Ýagtylyk

Eý, doganlar, men size şuny hem aýtmakçy: bellenilen wagt juda golaýlandyr. Şoňa görä-de, maşgalasy bolanlar edil maşgalasy ýok adamlar ýaly bolsun.
1 Korintoslylar 7:29
«Ynsandan doglan ynsanyň ömri gysga, derdi köp bolýandyr. Ol gül kimin açylýar, solýar, kölege kimin ýitýär, yz galmaýar.
Eýýup 14:1–2
Dünýä we onuň höwesleri geçer gider, emma Hudaýyň yradasyny berjaý edýän adam baky ýaşar.
1 Ýohanna 2:17
Adam atanyň nesilleriniň ählisi ölýär. Şunuň ýaly, Isa Mesihe degişli bolanlaryň-da ählisi ýaşaýşa gowşar.
1 Korintoslylar 15:22
Şunlukda, çüýreýän ten çüýremezlige, ölýän ten ölmezlige beslenende, «Ýeňiş ölümi ýuwutdy» diýlen sözler berjaý bolar.
1 Korintoslylar 15:54
Ýaşaýan bolsak, Reb üçin ýaşaýandyrys, ölýän bolsak, Reb üçin ölýändiris. Şoňa görä, ýaşasak-da, ölsek-de, Rebbe degişlidiris.
Rimliler 14:8
Çünki meniň üçin ýaşaýyş Mesihdir, ölüm-de bähbitlidir.
Filipililer 1:21
Şonuň üçin hem, ynamyňyzy ýitirmäň, munuň sylagy uludyr. Sabyr-takatly bolup, Hudaýyň yradasyny berjaý ediň, şonda Hudaýyň wadasyna gowşarsyňyz. Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýazylgydyr: «Ýene az salymdan şol Geljek hökman geler, eglenmez.
Ýewreýler 10:35–37
Gije geçip, gündiz golaýlady. Şoňa görä tümlügiň işlerini goýbolsun edip, nuruň ýaraglaryny dakynalyň.
Rimliler 13:12
Ähli zatlaryň soňy ýakyn geldi. Munuň üçin sagdyn düşünjeli bolup, hüşgärlik bilen dileg ediň.
1 Petrus 4:7
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
26 apr 2024
Nagmalar 2:6
25 apr 2024
Matta 1:21
24 apr 2024
Gelip çykyş 21:1
23 apr 2024
Zebur 18:18
22 apr 2024
Lewiler 1:3–4
21 apr 2024
Filipililer 4:1
20 apr 2024
Kanun taglymaty 13:17
Direliş
Ölümi ýeňen Isa Mesih arkaly direlişiň Mesihi umydyny öwreniň. Imanlylaryň ebedi ýaşaýşy we Hudaý bilen…

Jynsy arassalyk
Hudaýyň jynsy gatnaşyklara bolan garaýşyny, onuň nika içindäki gözelligini we ahlaksyzlygyň howplaryny…
Tabynlyk
Dawudyň wepalylygyny, Hudaýyň buýruklaryny we Onuň sözüni saklamagyň arasyndaky tapawudy we Dawudyň howlukmaç…
Şägirtlik
Mesih üçin bütin ýürekden ýaşamak, dünýewi baglanyşyklardan azat bolmak näme aňladýandygyny öwreniň. Onuň…
Ysraýyl
Ysraýyl bilen Kilise arasyndaky Injil tapawudyny öwreniň. Ysraýyl üçin Köne Äht pygamberlikleri harplar…

Jynsy arassalyk
Hudaýyň jynsy gatnaşyklara bolan garaýşyny, onuň nika içindäki gözelligini we ahlaksyzlygyň howplaryny…
Maşgala
Maşgalaňyz üçin berk ruhy binýat gurmagy nädip öwrenmelidigini öwreniň. Bu gollanma Mesih merkezli öý üçin üç…