Biz bolsa gökleriň raýatlary bolup, Halasgär Rebbimiz Isa Mesihiň şol ýerden gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşýandyrys.
Filipililer 3:20
Gündelik Ýagtylyk

Biz bolsa gökleriň raýatlary bolup, Halasgär Rebbimiz Isa Mesihiň şol ýerden gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşýandyrys.
Filipililer 3:20
Çünki Hudaýyň hemmeleri halas edýän merhemeti äşgär boldy. Bu merhemet bize hudaýsyzlygy we dünýewi höwesleri ret etmegi öwredýär, bu döwürde özümize erk etmegi, dogry ýaşamagy, Hudaýyň ýörelgesine eýermegi ündeýär. Biz bu ýörelgä eýerip, ajaýyp umydymyz bolan beýik Hudaýymyz we Halasgärimiz Isa Mesihiň şan-şöhrat içinde göklerden inmegine garaşýarys. Isa Mesih bizi ähli günälerden halas etmek üçin, Özüni gurban etdi. Ol muny Özüne ýagşylyk etmekde erjel, päk, eziz bir halky gazanmak üçin etdi.
Titus 2:11–14
Emma biz Hudaýyň wadasyna esaslanyp, dogrulygyň mekany bolan täze asmana we täze ýere garaşýarys.
2 Petrus 3:13
Şoňa görä-de, eý, söýgüli doganlar, bulara garaşýandygyňyz üçin, Hudaýyň nazarynda parahatlykda ýaşap, päk we aýypsyz bolmaga jan ediň.
2 Petrus 3:14
Edil şonuň ýaly, Mesih hem köp adamlaryň günälerini ýuwmak üçin, bir gezekde gurban boldy. Emma Ol ikinji gezek gelende, günäleri ýuwmak üçin däl-de, eýsem Özüne intizarlyk bilen garaşýanlary halas etmek üçin geler.
Ýewreýler 9:28
Şol gün şeýle diýler: «Ine, Hudaýymyz budur, biz Oňa umyt bagladyk, Ol bizi halas etdi. Biziň umyt baglan Rebbimiz budur; halas bolanymyz üçin begeneliň, şatlanalyň!»
Işaýa 25:9
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
27 maý 2024
Nahum 1:7
26 maý 2024
Ýewreýler 13:20
25 maý 2024
Zebur 31:19
24 maý 2024
Efesliler 4:30
23 maý 2024
Müsürden çykyş 28:12
22 maý 2024
Ýohanna 14:27
21 maý 2024
Efesliler 6:10

Aýallar Gullukda
Mesihçi aýallar dünýäniň maslahatyna däl-de, Hudaýyň niýetine we maksadyna laýyk ýaşamaga çagyrylýar.
Ruhy Ösüş
Mesihçiler adamzada mahsus bolan, günä we Mesihiň yzyna düşmek bilen bagly kynçylyklara duçar bolýarlar…
Wagyz etmek
Mesih üçin ilçi bolmagyň näme aňladýandygyny öwreniň. Gökdäki derejäňiz, wezipäňiz we bu dünýäde Hudaýa…
Iman
Durmuş ýaryşdyr, ýöne ýeňiş dünýewi üstünlikde däldir. Ebedi baýragyňyzy gazanmak üçin Süleýmanyň…
Ruhy Ösüş
Hristian durmuşynyň ýaryşa nähili meňzeýändigini, düzgün-tertibi we çydamlylygy talap edýändigini öwreniň…

Aýallar Gullukda
Mesihçi aýallar dünýäniň maslahatyna däl-de, Hudaýyň niýetine we maksadyna laýyk ýaşamaga çagyrylýar.
Erjellik
Isa pygambere ýüz tutup, günäni taşlap we çydamlylyk bilen ylgap, Mesih ýaryşyny kabul ediň. Ýoluňyzy…