Günäkärleriňki bilen bile alma meniň janymy, ganhorlaryňky bilen bile – ýaşaýyşymy.
Zebur 25:9
Gündelik Ýagtylyk

Günäkärleriňki bilen bile alma meniň janymy, ganhorlaryňky bilen bile – ýaşaýyşymy.
Zebur 25:9
Ýumşak adamlar bagtlydyr, çünki olar ýer ýüzüni miras alarlar.
Matta 5:5
Günüň astynda ýene bir zat gördüm: ýaryş ýüwrükleriňki däl, söweş-de güýçlüleriňki; çörek danalaryňky däl, baýlyk-da düşünjeliniňki; mähir-de bilimliniňki däldir. Çünki her kes amatsyz wagta we hadysa duçar bolýandyr.
Wagyz 9:11
Adam ýüreginden niýet edýär, onuň ädimine bolsa Reb höküm edýär.
Süleýmanyň pähimleri 16:9
«Eger Reb tarapdarymyz bolmadyk bolsa, näme bolardy? – eý, Ysraýyl, jogap ber şuňa! – Reb tarapdarymyz bolmadyk bolsa, adamlar bize garşy aýaga galanlarynda,
Zebur 123:1-2
Olaryň agzy ýalan sözleýär, olar ýalan kasam üçin sag elini galdyrýar.
Zebur 143:8
Eý, Hudaýymyz, Sen olaryň üstünden höküm çykar! Bize garşy gelýän bu beýik goşuna garşy çykmaga bizde güýç-kuwwat ýok. Biz näme etjegimizi bilemzok, gözümizi Saňa dikýäris».
2 Ýyl ýazgylary 20:12
Eger kimde danalyk kemlik edýän bolsa, goý, ol Hudaýdan dilesin. Hemmelere biminnet we jomartlyk bilen berýän Hudaý oňa hem berer.
Ýakup 1:5
Emma Hakykat Ruhy gelen wagty sizi tutuş hakykata alyp gider. Ol Öz-Özünden geplemez, näme eşitse, şony geplär we geljek zatlary size aýan eder.
Ýohanna 16:13
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
6 okt 2024
Revelation 19:6
5 okt 2024
Psalms 50:15
4 okt 2024
Exodus 34:29
3 okt 2024
Revelation 1:5
2 okt 2024
Leviticus 16:22
1 okt 2024
Galatians 5:22-23
30 sen 2024
Job 23:10

Isa Mesih
Matta Hoş Habary Köne Äht pygamberligini Isa Mesihi Ysraýylyň wada edilen Patyşasy hökmünde görkezýän täze…
Iman
Durmuş ýaryşdyr, ýöne ýeňiş dünýewi üstünlikde däldir. Ebedi baýragyňyzy gazanmak üçin Süleýmanyň…
Ählumumylyk
Ähli adamyň halas boljakdygyna ynanmak ýalan taglymatdyr. Mukaddes Kitap dowzahy ebedi azap we Hudaýdan ebedi…
Roždestwo
Bu Roždestwoda Mesihde hakyky degişliligi, howpsuzlygy we optimizmi tapyň. Ýer ýüzündäki öýler ýykylsa-da…
Hudaýyň Patyşalygy
Hudaýyň patyşalygynyň ruhy tebigatyny, onuň taryhy kontekstini we mesihçileriň raýatlar hökmünde nädip…
Nika
Söýgi, şatlyk we parahatçylyk ýaly Mukaddes Ruhyň dokuz miwesiniň nikanyňyzy nädip berkitjekdigini öwreniň.

Isa Mesih
Matta Hoş Habary Köne Äht pygamberligini Isa Mesihi Ysraýylyň wada edilen Patyşasy hökmünde görkezýän täze…

Iman
Durmuş ýaryşdyr, ýöne ýeňiş dünýewi üstünlikde däldir. Ebedi baýragyňyzy gazanmak üçin Süleýmanyň…

Ählumumylyk
Ähli adamyň halas boljakdygyna ynanmak ýalan taglymatdyr. Mukaddes Kitap dowzahy ebedi azap we Hudaýdan ebedi…