Şunlukda, Işaýa pygamberiň üsti bilen aýdylan şu sözler berjaý boldy: «Ol biziň hassalygymyzy Öz üstüne aldy, biziň dertlerimizi çekdi».
Matta 8:17
Gündelik Ýagtylyk

Şunlukda, Işaýa pygamberiň üsti bilen aýdylan şu sözler berjaý boldy: «Ol biziň hassalygymyzy Öz üstüne aldy, biziň dertlerimizi çekdi».
Matta 8:17
3-Ruhany düşelgäniň daşyna çykyp, deri kesellini gözden geçirsin. Eger deri keselli adam keselden gutulan bolsa, ruhany tämizlenmeli adam üçin iki sany diri halal guşy, kedr agajynyň bölegini, goýy gyzyl reňkli sapagy we käkilik oty getirmeklerini buýursyn. Ruhany guşlaryň biriniň içi çeşme suwly toýun gabynyň üstünde soýulmagyny buýursyn. Onuň özi bolsa diri guşy, kedr agajynyň bölegini, goýy gyzyl reňkli sapagy we käkilik otuny alyp, olary çeşme suwunyň üstünde öldürilen guşuň ganyna batyrsyn. Onsoň ruhany deri keselinden tämizlenmeli adamyň üstüne gandan ýedi gezek sepeläp, ony tämiz diýip yglan etsin. Soňra ol guşy açyk meýdana uçuryp goýbersin.
Lewiler 14:4-7
Isa şäherleriň birindekä, elhenç deri keseline ýolugan bir adam Onuň ýanyna geldi. Ol Isany görende, dyzyna çöküp, Oňa: «Eý, Agam! Eger isleseň, meni bu keselden tämizläp bilersiň» diýip ýalbardy.
Luka 5:12
Isanyň ol adama ýüregi awady. Ol elini uzatdy-da, oňa degrip: «Isleýärin, tämiz bol!» diýdi. Bu adam şobada deri keselinden saplanyp, doly sagaldy.
Mark 1:41-42
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
26 okt 2024
Psalms 99:1
25 okt 2024
Matthew 28:20
24 okt 2024
Jonah 2:4
23 okt 2024
Luke 12:15
22 okt 2024
Psalms 108:1
21 okt 2024
John 1:16
20 okt 2024
Romans 7:22

Isa Mesih
Matta Hoş Habary Köne Äht pygamberligini Isa Mesihi Ysraýylyň wada edilen Patyşasy hökmünde görkezýän täze…
Dinden dänmek
Köne Ähtden dönükler Kaýynyň, Balaamyň we Korahyň hekaýalaryny öwreniň. Olaryň ynanmazlygyndan sapak alyň we…
Roždestwo
Bu Roždestwoda Mesihde hakyky degişliligi, howpsuzlygy we optimizmi tapyň. Ýer ýüzündäki öýler ýykylsa-da…
Hudaýyň Patyşalygy
Hudaýyň patyşalygynyň ruhy tebigatyny, onuň taryhy kontekstini we mesihçileriň raýatlar hökmünde nädip…
Nika
Söýgi, şatlyk we parahatçylyk ýaly Mukaddes Ruhyň dokuz miwesiniň nikanyňyzy nädip berkitjekdigini öwreniň.

Isa Mesih
Matta Hoş Habary Köne Äht pygamberligini Isa Mesihi Ysraýylyň wada edilen Patyşasy hökmünde görkezýän täze…
Howa
El Niňo Isanyň gelmegine dürli jogaplar ýaly, dürli global täsirleri getirýär. Mesih çaga öz reaksiýaňyzy göz…

Dinden dänmek
Köne Ähtden dönükler Kaýynyň, Balaamyň we Korahyň hekaýalaryny öwreniň. Olaryň ynanmazlygyndan sapak alyň we…