Mesih siziň durmuşyňyzdyr. Ol aýan bolanda, siz hem Onuň bilen bile şöhratda aýan bolarsyňyz.
Kolosiýalylar 3:4
Gündelik Ýagtylyk

Mesih siziň durmuşyňyzdyr. Ol aýan bolanda, siz hem Onuň bilen bile şöhratda aýan bolarsyňyz.
Kolosiýalylar 3:4
Isa oňa: «Direlişem, ýaşaýyşam Mendirin, Maňa iman eden ölse-de ýaşar.
Ýohanna 11:25
Hudaýyň şaýatlygy, ine, şundan ybarat: Hudaý bize baky ýaşaýyş berdi, bu ýaşaýşy Öz Ogly arkaly berdi. Kim Hudaýyň Ogluna iman edýän bolsa, onda ýaşaýyş bardyr, kim iman etmeýän bolsa, onda ýaşaýyş ýokdur.
1 Ýohanna 5:11-12
Rebbiň Özi hökmürowan gygyryş bilen, Öz surnaýy bilen, baş perişdäniň sesi bilen göklerden iner. Şonda ilki bilen Mesihe gowşan merhumlar direler. Soňra bolsa biz, ýagny diriler, olar bilen bile Rebbi howada garşylamak üçin, bulutlar içinde alnyp göterileris we elmydama Reb bilen bolarys. Şoňa görä-de, şu sözler bilen birek-biregi ruhlandyryň.
1 Salonikliler 4:16-18
Mähribanlarym, biz indi Hudaýyň perzentleridiris. Biziň nähili özgerjekdigimiz entek belli däl, emma Mesihiň geljek pursadynda Oňa meňzejekdigimizi bilýäris, sebäbi Ony bolşy ýaly göreris.
1 Ýohanna 3:2
Abraýsyzlykda jaýlanyp, şan-şöhratda direlýär. Ejizlikde jaýlanyp, güýç-kuwwatda direlýär.
1 Korintoslylar 15:43
Gidip, siziň üçin ýer taýynlanymdan soňra, ýene gelip, sizi Öz ýanyma alyp giderin. Meniň bolýan ýerimde siz hem bolarsyňyz.
Ýohanna 14:3
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
5 noý 2024
Exodus 30:23
4 noý 2024
1 Peter 1:6
3 noý 2024
Hosea 14:9
2 noý 2024
1 Thessalonians 5:15
1 noý 2024
Proverbs 8:34
31 okt 2024
Zechariah 4:6
30 okt 2024
Lamentations 3:26

Ýalan Tilsimler
Buthananyň içinde bidgynlyklary we bidgynçylary nädip kesgitlemegi öwreniň. Ýalan mugallymlaryň Mukaddes…
Jaýlama çäresi
Iman edenleriň ölüme umyt bilen nähili garşy durýandygyny öwreniň, Dawudyň Saul we Ýonatan üçin hormatly…
Mukaddes Ýazgylar
Mukaddes Kitabyň Köne we Täze Ähtleri Hudaýyň Mesihde jemlenen maksadyny açyp görkezýän bir bitewi bütewiligi…
Mukaddes Ýazgylar
Mukaddes Kitabyň ylahy ylhamyny we mutlak ygtyýaryny öwreniň. Garşylyklara garamazdan, onuň näme üçin häzirki…
Akyl Saglygy
Köp Mesihçiler depressiýa düşenlerinde öz imanlaryna şübhelenýärler. Imanly hökmünde depressiýa garşy…

Ýalan Tilsimler
Buthananyň içinde bidgynlyklary we bidgynçylary nädip kesgitlemegi öwreniň. Ýalan mugallymlaryň Mukaddes…
Hudaýyň ýol görkezmesi
Isa Mesih biziň ýalňyşsyz ýolbeledimizdir, ol bizi durmuşyň howplaryndan mukaddeslige, bagta we ahyrynda…