Eý, oglum, Isa Mesihiň berýän merhemeti bilen kuwwatlan.
2 Timoteos 2:1
Gündelik Ýagtylyk

Eý, oglum, Isa Mesihiň berýän merhemeti bilen kuwwatlan.
2 Timoteos 2:1
Goý, Ol sizi beýik gudraty bilen kuwwatlandyrsyn; siziň sabyr-takatly bolup, ähli zada döz gelmegiňiz üçin güýç-kuwwat bersin.
Kolosiýalylar 1:11
Şeýlelikde, Isa Mesihi Rebbiňiz hökmünde kabul edişiňiz ýaly, Onuň görkezen ýoly bilen ýöräň. Alkyşlar bilen dolup-daşyp, Mesihde kök uruň we bina ediliň, özüňize öwredilişi ýaly, imanda berk duruň.
Kolosiýalylar 2:6-7
Sionda ýas tutýanlaryň aladasyny etmäge: külüň deregine owadan başatgyjyny, ýasyň deregine şatlyk ýagyny, gamgyn ruhuň deregine alkyş donuny bermäge iberdi meni. Rebbiň şöhratyny görkezmek üçin ekilen dogrulyk dub agaçlary diýler olara.
Işaýa 61:3
Siz berk binýadyň üstünde bina edilensiňiz. Bu binýat resullar we pygamberlerdir. Onuň burç daşy bolsa Isa Mesihiň Özüdir. Bütin ymarat Isa Mesih arkaly birleşýär we ösüp, Rebbe bagyşlanan mukaddes ybadathana bolýar. Siz hem ýahudylar ýaly Hudaýyň Mukaddes Ruhunyň mesgeni bolmak üçin, hemmäňiz birlikde Mesihde bina edilýärsiňiz.
Efesliler 2:20-22
Indi bolsa men sizi Hudaýa tabşyrýaryn. Onuň merhemetli Hoş Habaryny unutmaň! Bu Habar size güýç-gudrat berer, Hudaýyň mukaddes halky bilen birlikde Onuň wada beren ýalkanyşlaryny eçiler.
Resul 20:32
Şonda durmuşyňyz Isa Mesih arkaly amala aşýan dogry işlerden dolup-daşar, siz Hudaýa öwgi we şan-şöhrat getirersiňiz.
Filipililer 1:11
Iman ugrundaky göreşde edermenlik bilen göreş we baky ýaşaýşy makäm tut. Hudaý seni muňa çagyrdy, sen hem imanyňy köp şaýadyň öňünde doly ykrar edensiň.
1 Timoteos 6:12
Şeýle-de, özüňize garşy çykýanlardan asla gorkmaýandygyňyzy bilerin. Siziň imanda şeýle berk durmagyňyz olaryň heläk boljakdygyndan, siziň bolsa halas ediljekdigiňizden nyşandyr. Bular Hudaý tarapyndyr.
Filipililer 1:28
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
12 dek 2024
Zephaniah 3:15
11 dek 2024
Romans 14:16
10 dek 2024
John 10:29
9 dek 2024
Proverbs 21:3
8 dek 2024
Galatians 5:13
7 dek 2024
2 Corinthians 5:21
6 dek 2024
Philippians 2:13

Iman
Durmuş ýaryşdyr, ýöne ýeňiş dünýewi üstünlikde däldir. Ebedi baýragyňyzy gazanmak üçin Süleýmanyň…
Ysraýyl
Ysraýyl bilen Kilise arasyndaky Injil tapawudyny öwreniň. Ysraýyl üçin Köne Äht pygamberlikleri harplar…
Mukaddes Ruh
Mukaddes Ruh baradaky Mukaddes Kitap hakykatyny öwreniň: Onuň ylahy şahsyýeti, işi we iman edýänleriň içinde…
Wagyz etmek
Häzirki zaman Günbatar medeniýetlerinde netijeli hoş habary öwreniň, Tesalonikileriň mysalyndan sapak alyň.

Iman
Durmuş ýaryşdyr, ýöne ýeňiş dünýewi üstünlikde däldir. Ebedi baýragyňyzy gazanmak üçin Süleýmanyň…
Hudaýyň Patyşalygy
Hudaýyň patyşalygynyň ruhy tebigatyny, onuň taryhy kontekstini we mesihçileriň raýatlar hökmünde nädip…
Ruhy Ösüş
Şu on iki çuňňur sorag bilen ruhy syýahatyňyz barada oýlanyň. Hudaý bilen ýörişiňizi seljeriň, ileri tutulýan…

Ysraýyl
Ysraýyl bilen Kilise arasyndaky Injil tapawudyny öwreniň. Ysraýyl üçin Köne Äht pygamberlikleri harplar…

Mukaddes Ruh
Mukaddes Ruh baradaky Mukaddes Kitap hakykatyny öwreniň: Onuň ylahy şahsyýeti, işi we iman edýänleriň içinde…