Mundan beýläk Günüň batmaz, Aýyň ýaşmaz, çünki Reb seniň ebedi nuruň bolar, ýasly günleriň tamam bolar.
Işaýa 60:20
Gündelik Ýagtylyk

Mundan beýläk Günüň batmaz, Aýyň ýaşmaz, çünki Reb seniň ebedi nuruň bolar, ýasly günleriň tamam bolar.
Işaýa 60:20
Bu zatlary size Mende rahatlygyňyz bolsun diýip aýtdym. Bu dünýäde gaýgy-gussaňyz bolar, ýöne mert boluň. Men dünýäni ýeňdim!» diýdi.
Ýohanna 16:33
Biz bütin ýaradylyşyň şu wagta çenli ahy-nala çekip, burgy jebirlerini çekýändigini bilýäris. Diňe bir ýaradylyş däl, eýsem gelejekdäki şöhratyň kepili hökmünde Mukaddes Ruhy alan biz hem ahy-nala çekýäris. Sebäbi biz özümiziň ogullyga alnyp, bedenimiziň çüýremeden azat edilmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.
Rimliler 8:22-23
Emma häzirlikçe bu pany çadyrymyzda bolup, hasrat çekýäris, görgi görýäris, sebäbi bu pany çadyrymyzdan dynasymyz gelenok. Tersine, Hudaýyň taýynlan mesgenine beslenip, baky ýaşaýşa ölmänkäk gowuşmagy küýseýäris.
2 Korintoslylar 5:4
Men: «Muny sen bilýänsiň, agam!» diýip jogap berdim. Ýaşuly: «Bular şol agyr muşakgatlary başdan geçirenler. Olar öz lybaslaryny Guzynyň gany bilen ýuwup, olary ap-ak etdiler. Şoňa görä, olar Hudaýyň tagtynyň öňünde bolup, gije-gündiz Onuň ybadathanasynda Oňa hyzmat edýärler. Tagtda Oturan olary Öz penasynda saklaýar. Olar indi asla ajykmazlar, asla suwsamazlar, olary gün urmaz, jöwza-da ýakmaz. Çünki tagtyň ortasynda duran Guzy olary bakar, olary ýaşaýyş suwunyň gözbaşlaryna äkider. Hudaý olaryň gözýaşlarynyň her damjasyny süpürer».
Aýanlyk 7:14-17
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
20 dek 2024
Ephesians 1:4
19 dek 2024
Psalms 112:4
18 dek 2024
Hebrews 4:16
17 dek 2024
Psalms 80:18
16 dek 2024
John 13:1
15 dek 2024
Galatians 6:2
14 dek 2024
Psalms 66:2

Roždestwo
Bu Roždestwoda Mesihde hakyky degişliligi, howpsuzlygy we optimizmi tapyň. Ýer ýüzündäki öýler ýykylsa-da…
Maşgala
Çözülmedik gapma-garşylyklar maşgala bozulmalaryna getirýär. Inkär etmegiň, ýigrenjiň we gorkynyň nädip…
Hudaýyň Patyşalygy
Hudaýyň patyşalygynyň ruhy tebigatyny, onuň taryhy kontekstini we mesihçileriň raýatlar hökmünde nädip…
Günä geçmek
Hristianlar durmuşyň wagtlaýyn taraplaryny geçmiş üçin bagyşlamak, häzirki döwür üçin höwes we geljek üçin…

Roždestwo
Bu Roždestwoda Mesihde hakyky degişliligi, howpsuzlygy we optimizmi tapyň. Ýer ýüzündäki öýler ýykylsa-da…
Isa Mesih
Isanyň ruhunyň öleninden soň we direlişinden öň nirede bolandygyny öwreniň. Mukaddes Kitapda Onuň dowzahda…
Isa Mesih
Dawudyň Absalomdan gaçmagy we Äht sandygy yzyna gaýtarmak bilen Hudaýyň terbiýesine boýun egmegi Mesihiň…