«Ýüregimi tämizledim, günäden päklendim» diýip, kim aýdyp biler?
Süleýmanyň pähimleri 20:9
Gündelik Ýagtylyk

«Ýüregimi tämizledim, günäden päklendim» diýip, kim aýdyp biler?
Süleýmanyň pähimleri 20:9
Kämil gezýän, dogry iş edýän, hem-de ýüreginden hakykaty sözleýän, dili bilen myjabat ýöňkemeýän, ýoldaşyna ýamanlygy etmeýän, ýakyny barada gybat etmeýän;
Zebur 14:2-3
Şonuň üçin-de, ynsan höweslerine görä ýaşaýanlar Hudaýyň göwnünden turup bilmez.
Rimliler 8:8
Mende, hawa, ynsan tebigatymda oňat zadyň ýokdugyny anyk bilýärin. Sebäbi oňat işleri etmäge islegim bolsa-da, olary amal etmegi başarmaýaryn. Men isleýän oňat işlerimi etmän, tersine, ýigrenýän erbet işlerimi edýärin.
Rimliler 7:18-19
Haram adam deý bolduk ählimiz, ähli dogry işlerimiz haram esgi deý. Solýarys biz ýaprak deý, ýel dek alyp gidýär ýazyklarymyz bizi.
Işaýa 64:6
Emma Mukaddes Ýazgylaryň yglan etmegine görä, biziň ählimiz günäniň tussaglarydyrys. Hudaý bolsa bize wada beren peşgeşini Isa Mesihe iman edýänimiz üçin berýär.
Galatýalylar 3:22
Hawa, Hudaý ynsanlaryň günälerini hasaba alman, Isa Mesih arkaly dünýäni Özi bilen ýaraşdyrdy. Ýaraşdyrma baradaky habaryny bolsa bize tabşyrdy.
2 Korintoslylar 5:19
Günämiz ýok diýsek, onda biz özümizi aldaýandyrys, bizde hakykat ýokdur. Emma günälerimizi boýun alsak, sadyk hem adalatly Hudaý günälerimizi bagyşlar we bizi her hili ýamanlykdan tämizlär.
1 Ýohanna 1:8-9
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
14 few 2025
Matthew 3:15
13 few 2025
Ezekiel 1:26
12 few 2025
Malachi 3:17
11 few 2025
Malachi 3:16
10 few 2025
Luke 11:34
9 few 2025
Luke 16:25
8 few 2025
John 15:15
Maşgala
Maşgalaňyz üçin berk ruhy binýat gurmagy nädip öwrenmelidigini öwreniň. Bu gollanma Mesih merkezli öý üçin üç…

Günä Tebigaty
11-nji sentýabr wakalary ynsan ýüreginiň çuňňur bozuklygyny, ähliumumy öz-özüňe gönükdirilenligi görkezdi…
Şägirtlik
Bu habar Isanyň suwuň üstünde ýöreýşinden sapaklar alyp, şägirtligiň kyn syýahatyny öwrenýär.
Halasgärlik
Mesihiň ganynyň günäleri bagyşlamak we ebedi ýaşaýşy almak üçin näme üçin möhümdigini öwreniň. Hudaýyň halas…
Ruhy Ösüş
Mesihçiler adamzada mahsus bolan, günä we Mesihiň yzyna düşmek bilen bagly kynçylyklara duçar bolýarlar…
Günä
Dawudyň kejirligi ony rugsat berilmedik ilat ýazuwyny geçirmäge, Hudaýyň sözüni we akylly maslahaty…

Günä Tebigaty
11-nji sentýabr wakalary ynsan ýüreginiň çuňňur bozuklygyny, ähliumumy öz-özüňe gönükdirilenligi görkezdi…

Şägirtlik
Bu habar Isanyň suwuň üstünde ýöreýşinden sapaklar alyp, şägirtligiň kyn syýahatyny öwrenýär.

Halasgärlik
Mesihiň ganynyň günäleri bagyşlamak we ebedi ýaşaýşy almak üçin näme üçin möhümdigini öwreniň. Hudaýyň halas…