„Goý, Reb sizi ýalkap, Öz penasynda saklasyn!
Çölde 6:24
Gündelik Ýagtylyk

„Goý, Reb sizi ýalkap, Öz penasynda saklasyn!
Çölde 6:24
Rebbiň berekedi baýlyk getirýär, Ol bu baýlyga dert-alada goşmaz.
Süleýmanyň pähimleri 10:22
Seni pena edinýänleriň bary şatlansyn, elmydama joşup, nagmalar aýtsyn; çünki olary goraýarsyň Sen, adyňa aşyklar Sende şat bolsun.
Zebur 5:12
Iýerusalim bitewi bir şäher dek bina edilen.
Zebur 121:3
Ol ýerde kazylyk tagty – Dawut öýüniň tagty bina edilen.
Zebur 121:5
6-«Seni söýýänler aman ýaşasyn! Diwarlaryňyň içinde parahatçylyk bolsun, gala diňlerinde howpsuzlyk bolsun!» diýip, Iýerusalimiň parahatlygy üçin doga-dilegler ediň. Doganlarym bilen ýakynlarymyň hatyrasyna, «Sende rahatlyk bolsun!» diýýärin.
Zebur 121:7-8
Men – Reb onuň sakçysydyryn, ony her pursat suwarýaryn, hiç kim zyýan ýetirmesin diýip, gije-gündiz goraýaryn.
Işaýa 27:3
Men bu dünýäde mundan artyk galmaryn, emma olar entek dünýädedirler. Men Seniň ýanyňa dolanyp barýaryn. Eý, Mukaddes Atam, Maňa beren adamlaryňy Öz gudratly güýjüň bilen gora. Maňa-da şol güýji Sen berdiň. Şonda olar hem Biziň ýaly bir bolsunlar. Men olaryň ýanyndakam, Maňa beren gudratyň bilen olary gorap sakladym. Mukaddes Ýazgylar berjaý bolsun diýip, heläk edilmeli adamdan başga olaryň hiç biri ýitmedi.
Ýohanna 17:11-12
Ol meni her dürli ýamanlyklardan halas edip, meni gökdäki Şalygyna sag-aman ýetirer. Rebbe baky we ebedi şan-şöhrat bolsun! Omyn.
2 Timoteos 4:18
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
10 mart 2025
Genesis 22:14
9 mart 2025
1 Timothy 6:17
8 mart 2025
Isaiah 38:17
7 mart 2025
Isaiah 54:5
6 mart 2025
Proverbs 2:8
5 mart 2025
Isaiah 38:14
4 mart 2025
Colossians 3:2

Şägirtlik
Isa pygamberiň 'adamyň balykçysy' bolmak çagyryşyny we wagyz etmegiň gyssaglylygyny öwreniň. Onuň sesine…
Ruhy Ösüş
Mesihçiler adamzada mahsus bolan, günä we Mesihiň yzyna düşmek bilen bagly kynçylyklara duçar bolýarlar…
Hudaýyň rehimi
Hudaýyň rehimi we merhemeti her bir kynçylykda bolan imanly üçin nähili elýeterlidigini öwreniň. Ähli…
Hudaýyň söýgüsi
Hudaýyň söýgüsiniň imany nädip oýarýandygyny, saklaýandygyny we çuňlaşdyrýandygyny öwreniň. Mesih bilen…
Halasgärlik
Isanyň dogluşynyň çuňňur maksadyny açyň: günä, ölüm we dowzah bilen söweşmek. Ol Hudaýyň hökümini haçda öz…

Şägirtlik
Isa pygamberiň 'adamyň balykçysy' bolmak çagyryşyny we wagyz etmegiň gyssaglylygyny öwreniň. Onuň sesine…
Akyl Saglygy
Köp Mesihçiler depressiýa düşenlerinde öz imanlaryna şübhelenýärler. Imanly hökmünde depressiýa garşy…