Oýan! Özüňde galan we öljek bolup duran zatlary berkit. Sebäbi Hudaýyň nazarynda işleriňiň biri-de kämil däl eken.
Aýanlyk 3:2
Gündelik Ýagtylyk

Oýan! Özüňde galan we öljek bolup duran zatlary berkit. Sebäbi Hudaýyň nazarynda işleriňiň biri-de kämil däl eken.
Aýanlyk 3:2
Ähli zatlaryň soňy ýakyn geldi. Munuň üçin sagdyn düşünjeli bolup, hüşgärlik bilen dileg ediň.
1 Petrus 4:7
Hüşgär we oýa boluň. Duşmanyňyz iblis arlaýjy arslan ýaly aýlanyp, awuny agtaryp ýörendir.
1 Petrus 5:8
Ýöne habardar boluň, özüňizi goraň. Şeýdip, ömürboýy gözüňiz bilen gören zatlaryňyzy ýadyňyzdan çykarmaň, unutmaň. Olary çagalaryňyza, çagalaryňyzyň çagalaryna-da aýdyp beriň.
Kanun taglymaty 4:9
Meniň dogruçyl halkym iman bilen ýaşar, eger imandan dänse, ondan razy bolmaryn». Biz imandan dänip, heläk bolýan däl-de, imanymyza sadyk bolup, halas bolýan adamlardandyrys.
Ýewreýler 10:38-39
Size aýdýanlarymy hemmelere-de aýdýaryn: oýa boluň!»
Mark 13:37
Gorkmaň, siziň bilendirin Men, heder etmäň, Hudaýyňyzdyryn Men, size güýç bererin, ýardam ederin, sadyk sag golum bilen söýget bererin.
Işaýa 41:10
Hudaýyňyz Men – Reb sag eliňizden tutaryn, size: „Gorkmaň, ýardam ederin“ diýýän Mendirin.
Işaýa 41:13
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
20 mart 2025
Psalms 119:130
19 mart 2025
Acts 3:26
18 mart 2025
Isaiah 38:14
17 mart 2025
Leviticus 1:4
16 mart 2025
James 4:14
15 mart 2025
Hebrews 2:10
14 mart 2025
Titus 2:10

Roždestwo
Bu Roždestwoda Mesihde hakyky degişliligi, howpsuzlygy we optimizmi tapyň. Ýer ýüzündäki öýler ýykylsa-da…
Iman
Durmuş ýaryşdyr, ýöne ýeňiş dünýewi üstünlikde däldir. Ebedi baýragyňyzy gazanmak üçin Süleýmanyň…
Yzygiderlilik
Hristianlaryň näme üçin bütin dünýäde yzarlanýandygyny öwreniň, muny garaňkylyga garşy ruhy söweş hökmünde…
Umut
Kyn döwürlerde maşgalaňyz üçin umyt tapyň. Bu makala Hudaýyň üýtgewsiz tebigatynyň, Onuň Sözüniň we…
Hudaýyň hökümdarlygy
Durmuş synaglarynda Hudaýyň hökümdarlygyny we merhemetini açyň. Onuň barlygyny ykrar etmegi, Oňa garaşmagy we…

Roždestwo
Bu Roždestwoda Mesihde hakyky degişliligi, howpsuzlygy we optimizmi tapyň. Ýer ýüzündäki öýler ýykylsa-da…

Iman
Durmuş ýaryşdyr, ýöne ýeňiş dünýewi üstünlikde däldir. Ebedi baýragyňyzy gazanmak üçin Süleýmanyň…
Günä
Ýüregiň we günäniň ruhy keseli hökmünde Injildäki manysyny öwreniň. Hudaýyň garaýşyny, Şeýtanyň hüjümlerini…