Lut daş-töweregine göz aýlap, Iordan deresiniň Sogara çenli edil Rebbiň bagy, Müsür topragy ýaly, bu ýeriň bol suwdan ganandygyny gördi. Bu Rebbiň Sodomy we Gomorany weýran etmezinden öňdi. Lut özüne Iordan deresini saýlap alyp, gündogara tarap ýola rowana boldy. Şeýdip, olar aýrylyşdylar.
Gelip çykyş 13:10-11
Azgynlaryň ahlaksyz ýaşaýşyndan jebir çeken dogruçyl Luty halas etdi. Dogruçyl Lut bu halkyň arasynda ýaşap, olaryň nähak işlerini görüp-eşitmek bilen, öz dogruçyl kalbynda günsaýyn ejir çekerdi.
2 Petrus 2:7-8
Öz-özüňizi aldamaň: Hudaý Özüni ýaňsyladýan däldir. Adam näme ekse, şony hem orýandyr.
Galatýalylar 6:7
Lutuň aýalyny ýada salyň!
Luka 17:32
Iman etmedikler bilen bir boýuntyryga girmäň! Dogrulygyň pislik bilen näme şärikligi bar? Ýa-da nur bilen tümlügiň näme umumylygy bar?
2 Korintoslylar 6:14
«Şoňa görä-de, olaryň arasyndan çykyň-da,
olardan aýrylyň».
Muny Reb diýýär.
«Haram zatlara el degirmäň,
şonda Men sizi kabul ederin».
2 Korintoslylar 6:17
Şonuň üçin olar ýalylar bilen gatnaşmaň. Ýadyňyzdamy, birwagtlar siz garaňkylykdyňyz, ýöne indi Reb arkaly nursuňyz. Şonuň üçin nuruň çagalary bolup ýaşaň.
Efesliler 5:7-8
Rebbi hoşnut etjek zady bilmäge çalşyň. Garaňkylygyň ýaman işlerine gatyşmaň, tersine, olary paş ediň.
Efesliler 5:10-11