Olar Hudaýyň ýüzüni görerler, maňlaýlarynda Onuň ady bolar.
Aýanlyk 22:4
Gündelik Ýagtylyk

Olar Hudaýyň ýüzüni görerler, maňlaýlarynda Onuň ady bolar.
Aýanlyk 22:4
Musa: «Ýalbarýan, maňa şöhratyňy görkezäý» diýdi.
Müsürden çykyş 33:18
Ýöne sen Meniň ýüzümi görmeli dälsiň, çünki Meni gören kişi diri galmaz» diýdi.
Müsürden çykyş 33:20
Hudaýy hiç kim asla gören däldir. Bize Ony Atasynyň gujagyndaky, Özi-de Hudaý bolan ýeke-täk Ogly tanatdy.
Ýohanna 1:18
Ine, Ol bulutlaryň arasy bilen gelýär! Ony hemmeler, hatda Ony deşim-deşim edenler hem görer. Dünýäniň ähli halklary Ol sebäpli aglarlar. Bu dogrudan-da şeýle bolar! Omyn.
Aýanlyk 1:7
Men ony görýän, ýöne häzir däl, oňa bakýan, ýöne ýakyn däl. Ýakubyň neslinden ýyldyz dörär. Ysraýyldan bir şalyk hasasy göterilip, Mowabyň maňlaýyny ýarar, Şisleriň başyny mynjyradar.
Çölde 24:17
Çünki men Penakärimiň diridigini, ahyrynda Onuň bu ýerde durjakdygyny bilýärin. Hamym çüýränden soňam tenimde Hudaýy görerin.
Eýýup 19:25-26
Peýkamlaryny atyp, pytratdy ýagylaryny, ýyldyrymlar çakdyryp, weýran etdi olary.
Zebur 17:15
Mähribanlarym, biz indi Hudaýyň perzentleridiris. Biziň nähili özgerjekdigimiz entek belli däl, emma Mesihiň geljek pursadynda Oňa meňzejekdigimizi bilýäris, sebäbi Ony bolşy ýaly göreris.
1 Ýohanna 3:2
Rebbiň Özi hökmürowan gygyryş bilen, Öz surnaýy bilen, baş perişdäniň sesi bilen göklerden iner. Şonda ilki bilen Mesihe gowşan merhumlar direler. Soňra bolsa biz, ýagny diriler, olar bilen bile Rebbi howada garşylamak üçin, bulutlar içinde alnyp göterileris we elmydama Reb bilen bolarys.
1 Salonikliler 4:16-17
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
7 apr 2025
2 Corinthians 6:10
6 apr 2025
Hebrews 7:25
5 apr 2025
Genesis 32:26
4 apr 2025
Revelation 1:17
3 apr 2025
2 Peter 3:8-9
2 apr 2025
1 John 5:21
1 apr 2025
Galatians 5:22

Ruhy Ösüş
Mesihçiler adamzada mahsus bolan, günä we Mesihiň yzyna düşmek bilen bagly kynçylyklara duçar bolýarlar…
Hudaýyň hökümdarlygy
Hudaý ýüregimizde birinji orunda bolmagy talap edýär, bäsdeşlere ýol bermeýär. Adam bilen Ybraýymyň…
Jaýlama çäresi
Iman edenleriň ölüme umyt bilen nähili garşy durýandygyny öwreniň, Dawudyň Saul we Ýonatan üçin hormatly…

Ruhy Ösüş
Mesihçiler adamzada mahsus bolan, günä we Mesihiň yzyna düşmek bilen bagly kynçylyklara duçar bolýarlar…
Nika
Söýgi, şatlyk we parahatçylyk ýaly Mukaddes Ruhyň dokuz miwesiniň nikanyňyzy nädip berkitjekdigini öwreniň.
Maşgala
Maşgalaňyz üçin berk ruhy binýat gurmagy nädip öwrenmelidigini öwreniň. Bu gollanma Mesih merkezli öý üçin üç…
Günä
Dawudyň kejirligi ony rugsat berilmedik ilat ýazuwyny geçirmäge, Hudaýyň sözüni we akylly maslahaty…

Hudaýyň hökümdarlygy
Hudaý ýüregimizde birinji orunda bolmagy talap edýär, bäsdeşlere ýol bermeýär. Adam bilen Ybraýymyň…