Giň göwünli adamyň düşünjesi köpdür, dargursak bolsa akmaklygy beýgeldýändir.
Süleýmanyň pähimleri 14:29
Gündelik Ýagtylyk

Giň göwünli adamyň düşünjesi köpdür, dargursak bolsa akmaklygy beýgeldýändir.
Süleýmanyň pähimleri 14:29
Reb Musanyň öňünden geçip, şuny jar etdi: «Men Rebdirin, Rebdirin! Rehimli we merhemetli Hudaýdyryn. Men giň göwünli, örän wepaly, sadyk söýgä baýdyryn.
Müsürden çykyş 34:6
Käbirleri Reb Öz beren wadasyny berjaý etmegi gijikdirýär diýip hasap etseler-de, Ol gijikdirmez. Reb siziň üçin sabyr edýändir, sebäbi Ol hiç kimiň heläk bolman, hemmeleriň toba etmegini isleýär.
2 Petrus 3:9
Şeýle hem siz söýgüli çagalar kimin Hudaýdan görelde alyň. Mesih ýaly söýüp ýaşaň. Ol bizi söýüp, Hudaýa ýakymly ysly sadaka hem gurbanlyk hökmünde biziň üçin janyny gurban etdi.
Efesliler 5:1-2
Mukaddes Ruhuň miweleri bolsa şulardyr: söýgi, şatlyk, parahatlyk, sabyrlylyk, mähribanlyk, ýagşylyk, sadyklyk, ýumşaklyk, özüňe erk edip bilmeklik. Bu zatlara garşy çykýan kanun ýokdur.
Galatýalylar 5:22-23
Eger kim nähak ýere ejir çekip, Hudaýy tanaýandygy üçin bu görgülere çydaýan bolsa, ol adam Hudaýy hoşnut eder. Eger eden nädogry işiňiz üçin ýenjilmelere döz gelýän bolsaňyz, bu size näme hormat getirer? Emma ýagşylyk edibem ýene ejir çekseňiz we muňa çydasaňyz, Hudaý mundan has köp razy bolar. Ine, siz şunuň üçinem çagyryldyňyz, sebäbi Mesih siziň üçin ejir çekdi. Öz yzyna eýermegiňiz üçin, Ol size görelde boldy.
1 Petrus 2:19-21
Ol sögülende sögmedi, ejir çekende hiç kime howp salmady. Muňa derek Özüni adyl höküm çykarýan Hudaýa tabşyrdy.
1 Petrus 2:23
Gaharlanyp günä etmäň. Gaharyňyzyň üstüne Gün ýaşmasyn.
Efesliler 4:26
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
29 apr 2025
1 Samuel 12:24
28 apr 2025
John 1:29
27 apr 2025
1 Corinthians 7:29
26 apr 2025
Song of Solomon 2:6
25 apr 2025
Matthew 1:21
24 apr 2025
Genesis 21:1
23 apr 2025
Psalms 18:18
Nika
Söýgi, şatlyk we parahatçylyk ýaly Mukaddes Ruhyň dokuz miwesiniň nikanyňyzy nädip berkitjekdigini öwreniň.

Mukaddes Ruh
Dillerde gürlemek Mukaddes Ruhyň ýeke-täk alamatyymy? Onuň Injildäki kontekstini we çäkli ýüze çykmagyny…
Ene-atalyk
Bir missioner aýalynyň birden aradan çykmagyny, ýeke ata-ene bolmagyny we gamy, ýalňyzlygy hem-de…
Mukaddes Ruh
Mukaddes Ruh bilen doldurylmagyň Injildäki manysyny öwreniň, ony ýaşaýyş, suwda çokundyrylmak we ruhy…
Dogrulyk
Zebur 1-nji baby öwreniň, dogrylar bilen hudaýsyzlary deňeşdiriň we Isa Mesihi kämil Dogry Adam hökmünde açyň.

Mukaddes Ruh
Dillerde gürlemek Mukaddes Ruhyň ýeke-täk alamatyymy? Onuň Injildäki kontekstini we çäkli ýüze çykmagyny…

Ene-atalyk
Bir missioner aýalynyň birden aradan çykmagyny, ýeke ata-ene bolmagyny we gamy, ýalňyzlygy hem-de…
Gulluk
Siziň uly ýa-da kiçi hereketleriňiziň Mesihiň söýgüsini nädip görkezýändigini we başgalaryň durmuşynda uly…