Doganlarymyz Guzynyň gany arkaly, öz şaýatlyklary arkaly ony ýeňdiler. Hatda ölüm howpy üstlerine abananda-da, janlaryny aýamadylar.
Aýanlyk 12:11
Gündelik Ýagtylyk

Doganlarymyz Guzynyň gany arkaly, öz şaýatlyklary arkaly ony ýeňdiler. Hatda ölüm howpy üstlerine abananda-da, janlaryny aýamadylar.
Aýanlyk 12:11
Hudaýyň saýlap-seçenlerini aýyplamaga kim milt eder? Hiç kim, sebäbi olary Hudaýyň hut Özi aklaýar! Hudaýyň halkyny kim höküm edip biler? Hiç kim, sebäbi ölümden direlen Isa Mesih Hudaýyň sagynda oturyp, biziň üçin töwella edýär.
Rimliler 8:33-34
Çünki her bir jandaryň jany onuň ganyndadyr. Şoňa görä-de, Men gany size gurbanlyk sypasynda janlaryňyzy günäleriňizden saplamagyňyz üçin berdim, çünki sizi günäleriňizden saplaýan gandyr.
Lewiler 17:11
Şol gije Men Müsüriň içine aýlanyp, müsürlileriň ähli nowbahar ogullaryny, adamlaryndan tä mallaryna çenli ilkinji doglan erkeklerini öldürerin. Men Müsüriň ähli hudaýlarynyň üstünden höküm çykararyn. Men Rebdirin. Bolýan öýleriňiziň gapysyna çalnan gan siziň üçin nyşan bolar. Men ol gany görenimde, siziň üstüňizden sowlup geçerin. Men Müsüri jezalandyranymda, hiç hili betbagtlyk sizi weýran etmez.
Müsürden çykyş 12:12-13
Şeýlelikde, Isa Mesihe degişli bolanlar indi asla höküm edilmez.
Rimliler 8:1
Onsoň ýaşululardan biri menden: «Bu ak lybasa beslenenler kim, nireden gelipdirler?» diýip sorady. Men: «Muny sen bilýänsiň, agam!» diýip jogap berdim. Ýaşuly: «Bular şol agyr muşakgatlary başdan geçirenler. Olar öz lybaslaryny Guzynyň gany bilen ýuwup, olary ap-ak etdiler.
Aýanlyk 7:13-14
5-Ölümden ilkinji bolup direlen, dünýä şalarynyň Hökümdary bolan sadyk şaýat Isa Mesihiň merhemeti we parahatlygy size ýar bolsun! Şöhrat we gudrat baky Mesihiňkidir! Çünki Ol bizi söýensoň, ganyny döküp, günälerimizden azat etdi. Ol bizden Şalyk ýaradyp, Atasy Hudaýa hyzmat etmek üçin bizi ruhanylar belledi. Omyn!
Aýanlyk 1:5-6
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
13 maý 2025
1 Timothy 2:8
12 maý 2025
1 John 4:7
11 maý 2025
1 Corinthians 15:34
10 maý 2025
1 John 3:8
9 maý 2025
Hebrews 11:1
8 maý 2025
Isaiah 53:10
7 maý 2025
Matthew 24:6

Ruhy Ösüş
Mesihçiler adamzada mahsus bolan, günä we Mesihiň yzyna düşmek bilen bagly kynçylyklara duçar bolýarlar…
Şägirtlik
Isa pygamberiň 'adamyň balykçysy' bolmak çagyryşyny we wagyz etmegiň gyssaglylygyny öwreniň. Onuň sesine…
Isa Mesih
Dawut patyşalyk güýjüni ele almak üçin uzak wagt garaşmaly boldy. Bu babatda ol Mesih üçin bir nusgadyr, Ol…
Iman
Durmuş ýaryşdyr, ýöne ýeňiş dünýewi üstünlikde däldir. Ebedi baýragyňyzy gazanmak üçin Süleýmanyň…

Ruhy Ösüş
Mesihçiler adamzada mahsus bolan, günä we Mesihiň yzyna düşmek bilen bagly kynçylyklara duçar bolýarlar…
Erjellik
Isa pygambere ýüz tutup, günäni taşlap we çydamlylyk bilen ylgap, Mesih ýaryşyny kabul ediň. Ýoluňyzy…
Ruhy Ösüş
Hristian durmuşynyň ýaryşa nähili meňzeýändigini, düzgün-tertibi we çydamlylygy talap edýändigini öwreniň…

Şägirtlik
Isa pygamberiň 'adamyň balykçysy' bolmak çagyryşyny we wagyz etmegiň gyssaglylygyny öwreniň. Onuň sesine…

Isa Mesih
Dawut patyşalyk güýjüni ele almak üçin uzak wagt garaşmaly boldy. Bu babatda ol Mesih üçin bir nusgadyr, Ol…