Lal bolup, açmaýaryn agzymy, çünki Sen etdiň muny.
Zebur 38:10
Gündelik Ýagtylyk

Lal bolup, açmaýaryn agzymy, çünki Sen etdiň muny.
Zebur 38:10
Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Ýedutunyň mukamyna laýyklykda. Dawudyň mezmury. Diňe Hudaýda ynjalýar janym, Hudaýdandyr meniň gutulyşym.
Zebur 61:1-2
Emma Reb şeýle diýdi: «Saňa beren merhemetim besdir, sebäbi Meniň gudratym ejizlikde kämilleşýändir». Şonuň üçin-de, Isa Mesihiň güýji mende mesgen tutsun diýip, öz ejizliklerim barada höwes bilen magtanaryn. Şu sebäpden men Mesihiň hatyrasyna ejizliklere, sögünçlere, mätäçliklere, yzarlanmalara, muşakgatlara razydyryn. Çünki men ejizkäm güýçlüdirin!
2 Korintoslylar 12:9-10
Emma ýeliň güýjüni görüp gorkdy, gark bolup ugranda: «Agam, meni halas et» diýip gygyrdy. Isa şobada elini uzadyp, ony tutdy-da: «Eý, az imanly, näme üçin şübhelendiň?» diýdi.
Matta 14:30-31
Agyr günde tapdan düşseň, seniň güýjüň azdyr.
Süleýmanyň pähimleri 24:10
Ol ejizleri kuwwatlandyrýar, mejalsyzlaryň güýjüni artdyrýar,
Işaýa 40:29
Penakäriň gadymdan bar bolan ebedi Hudaýdyr! Seni hemişe gollarynda göterer, garşyňdan duşmanlaryňy kowar, olary saňa ýok etmegi buýrar.
Kanun taglymaty 33:27
Goý, Ol sizi beýik gudraty bilen kuwwatlandyrsyn; siziň sabyr-takatly bolup, ähli zada döz gelmegiňiz üçin güýç-kuwwat bersin.
Kolosiýalylar 1:11
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
12 maý 2025
1 John 4:7
11 maý 2025
1 Corinthians 15:34
10 maý 2025
1 John 3:8
9 maý 2025
Hebrews 11:1
8 maý 2025
Isaiah 53:10
7 maý 2025
Matthew 24:6
6 maý 2025
Psalms 85:10

Ölümden Soňky Durmuş
Pawlusyň 2 Korinfliler 12-däki görnüşiniň yşygynda ölüme ýakyn tejribeler baradaky talaplary derňäň. Hakykaty…
Ruhy Ösüş
Mesihçiler adamzada mahsus bolan, günä we Mesihiň yzyna düşmek bilen bagly kynçylyklara duçar bolýarlar…
Umut
Kyn döwürlerde maşgalaňyz üçin umyt tapyň. Bu makala Hudaýyň üýtgewsiz tebigatynyň, Onuň Sözüniň we…
Toba
Zebur 38-i, Dawudyň günäleriň bagyşlanmagy üçin ýürekden eden dilegini öwreniň. Günäden soň Hudaýyň…
Sabyr
Ýusubyň türme tejribesi kynçylyklarda sabyrlylygy we Hudaýa garaşmagy öwredýär. Hudaýyň synaglary imany we…

Ölümden Soňky Durmuş
Pawlusyň 2 Korinfliler 12-däki görnüşiniň yşygynda ölüme ýakyn tejribeler baradaky talaplary derňäň. Hakykaty…

Ruhy Ösüş
Mesihçiler adamzada mahsus bolan, günä we Mesihiň yzyna düşmek bilen bagly kynçylyklara duçar bolýarlar…
Ruhy Ösüş
Şu on iki çuňňur sorag bilen ruhy syýahatyňyz barada oýlanyň. Hudaý bilen ýörişiňizi seljeriň, ileri tutulýan…