Şäheri ýagtylandyrmak üçin Gün ýa-da Aý gerek däl. Çünki şäheri Hudaýyň şöhraty ýagtylandyrýar, Guzy hem onuň çyrasydyr.
Aýanlyk 21:23
Gündelik Ýagtylyk

Şäheri ýagtylandyrmak üçin Gün ýa-da Aý gerek däl. Çünki şäheri Hudaýyň şöhraty ýagtylandyrýar, Guzy hem onuň çyrasydyr.
Aýanlyk 21:23
Eý, şahym, günortanlar ýolda barýarkam, birdenkä asmanda günden hem ýagty nur gördüm. Nur meniň we ýoldaşlarymyň daş-töweregine ýalkym saçdy.
Resul 26:13
Men: „Agam, sen kim?“ diýip soradym. Reb: „Men seniň yzarlap, azar berýän Isaň.
Resul 26:15
Alty günden soň Isa ýanyna diňe Petrusy, Ýakuby we onuň dogany Ýohannany alyp, bir beýik dagyň üstüne çykdy. Şol ýerde olaryň gözüniň alnynda Onuň keşbi üýtgedi. Onuň ýüzi Gün kimin parlady, eginbaşy ap-ak bolup, yşyk saçdy.
Matta 17:1-2
Mundan beýläk gündizine Gün yşygyň bolmaz, gijesine Aý saňa yşyk bermez; çünki Reb seniň ebedi nuruň bolar, şöhratyň öz Hudaýyň bolar. Mundan beýläk Günüň batmaz, Aýyň ýaşmaz, çünki Reb seniň ebedi nuruň bolar, ýasly günleriň tamam bolar.
Işaýa 60:19-20
Bol merhemet eçilýän Hudaý sizi Mesih arkaly Öz ebedi şöhratyna çagyrdy. Siz durmuşda ejir çekýän bolsaňyz hem, Ol sizi dikelder, berkider, güýçlendirer we sarsmaz bina edip gurar.
1 Petrus 5:10
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
25 maý 2025
Psalms 31:19
24 maý 2025
Ephesians 4:30
23 maý 2025
Exodus 28:12
22 maý 2025
John 14:27
21 maý 2025
Ephesians 6:10
20 maý 2025
1 Timothy 4:16
19 maý 2025
Psalms 51:2

Iman
Durmuş ýaryşdyr, ýöne ýeňiş dünýewi üstünlikde däldir. Ebedi baýragyňyzy gazanmak üçin Süleýmanyň…
Ikiýüzlülik
Ikiýüzlülikiň tebigatyny, onuň günä bilen baglanyşygyny we adamlary Hudaýdan nädip daşlaşdyrýandygyny…

Iman
Durmuş ýaryşdyr, ýöne ýeňiş dünýewi üstünlikde däldir. Ebedi baýragyňyzy gazanmak üçin Süleýmanyň…
Ruhy Ösüş
Hristian durmuşynyň ýaryşa nähili meňzeýändigini, düzgün-tertibi we çydamlylygy talap edýändigini öwreniň…
Halasgärlik
Bir oglanjyk ejesiniň ary çakmagy bilen Isanyň orunbasar tölegi barada öwrenýär.
Halasgärlik
Halas bolmagyň ýönekeý ABC-lerini açyň. Günä baradaky hakykaty kabul etmegi, Isa Mesihe ynanmagy we ebedi…
Halasgärlik
Adamzadyň günäsi, Isa Mesihiň Halasgärligi we ebedi ýaşaýşa giden ýol baradaky esasy mukaddes ýazgylary açyň…