Umydyňyzyň bardygyna begeniň, muşakgatlara çydamly boluň, doga-dilegde erjel boluň.
Rimliler 12:12
Gündelik Ýagtylyk
Umydyňyzyň bardygyna begeniň, muşakgatlara çydamly boluň, doga-dilegde erjel boluň.
Rimliler 12:12
Şondan soň Şamuwel hiç zady gizlemän, hemmesini bolşy ýaly Eliýä gürrüň berdi. Eliý: «Ol Rebdir, goý, Ol Öz halanyny etsin» diýdi.
1 Şamuwel 3:18
Bigünä bolsam-da, Oňa jogap berip bilmerin, Hökümdaryma rehim et diýip ýalbararyn.
Eýýup 9:15
Ol: «Ýalaňaç indim bu dünýä, ýalaňaç-da dolanaryn o dünýä. Beren-de Rebdir, alan-da Rebdir. Goý, Rebbiň adyna alkyş bolsun!» diýdi.
Eýýup 1:21
Emma Eýýup aýalyna: «Sen akmak aýal ýaly gepleýärsiň. Hudaýdan ýagşylygy kabul edip, ýamanlygy kabul etmälimi?» diýip jogap berdi. Şunça hasratlaryň içinde-de Eýýup gepi-sözi bilen günä etmedi.
Eýýup 2:10
Isanyň gözlerinden boýur-boýur ýaş akdy.
Ýohanna 11:35
Ol äsgerilmedi, ynsanlar ony ret etdi, ol derdi, hassalygy bilýän adamdy; adamlar ondan ýüzlerini öwürdiler, ol äsgerilmedi, hiç zatça-da görmedik ony biz. Ol biziň hassalygymyzy öz üstüne ýükledi, biziň dertlerimizi çekdi; biz bolsa ol Hudaý tarapyndan jezalandyrylyp, urlup ejir çekendir diýip pikir etdik.
Işaýa 53:3-4
Çünki Reb söýýänini terbiýeleýändir, kabul eden perzendine temmi berýändir».
Ýewreýler 12:6
Adam terbiýe alanda şatlanmaýar, gaýtam, agyry çekýär. Emma şeýle terbiýe alandan soňra, ol dogrulykda we parahatlykda ýaşaýandyr.
Ýewreýler 12:11
Goý, Ol sizi beýik gudraty bilen kuwwatlandyrsyn; siziň sabyr-takatly bolup, ähli zada döz gelmegiňiz üçin güýç-kuwwat bersin.
Kolosiýalylar 1:11
Bu zatlary size Mende rahatlygyňyz bolsun diýip aýtdym. Bu dünýäde gaýgy-gussaňyz bolar, ýöne mert boluň. Men dünýäni ýeňdim!» diýdi.
Ýohanna 16:33
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
23 iýul 2025
1 Corinthians 15:24
22 iýul 2025
Romans 6:10
21 iýul 2025
Romans 3:1-2
20 iýul 2025
John 17:16
19 iýul 2025
Luke 1:49
18 iýul 2025
John 10:3
17 iýul 2025
Jonah 4:2