Biz özümiziň ölümden ýaşaýşa gowşandygymyzy bilýäris, sebäbi doganlarymyzy söýýäris. Doganyny söýmeýän adam ölümiň penjesinde galýandyr.
1 Ýohanna 3:14
Gündelik Ýagtylyk
Biz özümiziň ölümden ýaşaýşa gowşandygymyzy bilýäris, sebäbi doganlarymyzy söýýäris. Doganyny söýmeýän adam ölümiň penjesinde galýandyr.
1 Ýohanna 3:14
Hakykatdan hem, Meniň sözlerimi diňläp, Meni Iberene iman eden adam baky ýaşaýşa eýe bolýandyr, ol höküm edilmez. Ol ölümden ýaşaýşa geçendir.
Ýohanna 5:24
Kim Hudaýyň Ogluna iman edýän bolsa, onda ýaşaýyş bardyr, kim iman etmeýän bolsa, onda ýaşaýyş ýokdur.
1 Ýohanna 5:12
Hudaý bizi siz bilen birlikde Isa Mesihe baglap, imanda berk durmagymyza ýardam berýär. Ol bizi seçip-saýlady-da, möhürläp, bularyň kepili hökmünde ýüregimize Mukaddes Ruhuny berdi.
2 Korintoslylar 1:21-22
19-Şonda biz özümiziň hakykata degişlidigimizi bileris we Hudaýyň huzurynda biziň wyždanymyz päk bolar. Eger wyždanymyz bizi ýazgaraýsa-da, Hudaý ondan beýikdir, Ol hemme zady bilýändir.
1 Ýohanna 3:19
Mähribanlarym, eger wyždanymyz bizi ýazgarmasa, onda Hudaýyň huzurynda ynamly bolarys.
1 Ýohanna 3:21
Biz özümiziň Hudaýdandygymyzy, bütin dünýäniň bolsa şeýtanyň golastyndadygyny bilýäris.
1 Ýohanna 5:19
Owal siz ýazyklaryňyz we günäleriňiz sebäpli ölüdiňiz.
Efesliler 2:1
4-Emma günälerimiz sebäpli öli hem bolsak, merhemete baý Hudaý Özüniň çuňňur söýgüsini görkezip, bizi Mesih bilen bilelikde direltdi. Siz Hudaýyň merhemeti arkaly halas bolduňyz.
Efesliler 2:5
Ol bizi garaňkylygyň ygtyýaryndan boşadyp, Öz söýgüli Oglunyň Şalygyna getirdi;
Kolosiýalylar 1:13
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
24 iýul 2025
Romans 12:12
23 iýul 2025
1 Corinthians 15:24
22 iýul 2025
Romans 6:10
21 iýul 2025
Romans 3:1-2
20 iýul 2025
John 17:16
19 iýul 2025
Luke 1:49
18 iýul 2025
John 10:3