Çünki siz iman arkaly Hudaýyň merhemeti bilen halas edildiňiz. Bu siziň öz tagallaňyz bilen bolmady, muny size Hudaý peşgeş berdi.
Efesliler 2:8
Gündelik Ýagtylyk
Çünki siz iman arkaly Hudaýyň merhemeti bilen halas edildiňiz. Bu siziň öz tagallaňyz bilen bolmady, muny size Hudaý peşgeş berdi.
Efesliler 2:8
Iman etmeýän adam hiç wagt Hudaýy hoşnut edip bilmez. Hudaýa ýakynlaşan adam Onuň barlygyna we Özüni agtarýanlary sylaglajakdygyna ynanmalydyr.
Ýewreýler 11:6
Oňa iman eden höküm edilmez. Emma iman etmedik eýýäm höküm edilendir, sebäbi ol Hudaýyň ýeke-täk Ogluna iman etmedi.
Ýohanna 3:18
Şobada oglanyň kakasy aglap: «Iman edýärin, imansyzlygymy ýeňmäge kömek et!» diýip gygyrdy.
Mark 9:24
Emma Hudaýyň sözüni berjaý edýän adamda Onuň söýgüsi hakykatdanam kämildir. Ine, biz Hudaý bilen ýaşaýandygymyzy şeýdip bilýäris.
1 Ýohanna 2:5
Çünki Isa Mesihe degişli bolanlaryň arasynda ne sünnetliligiň, ne-de sünnetsizligiň ähmiýeti bardyr. Diňe söýgä daýanýan iman ähmiýetlidir.
Galatýalylar 5:6
Eý, akmak, amalsyz imanyň peýdasyzdygyny bileňokmy?
Ýakup 2:20
Çünki biz görýän zatlarymyza görä däl-de, imana görä ýaşaýarys.
2 Korintoslylar 5:7
indi men däl-de, mendäki Mesih ýaşaýandyr. Bedendäki ýaşaýşym bolsa Hudaýyň Ogluna bolan imanym arkalydyr. Ol meni söýüp, Özüni meniň üçin gurban etdi.
Galatýalylar 2:20
Siz Mesihi görmedik bolsaňyz hem, Ony söýýärsiňiz. Hatda Ony görmeseňiz-de, Oňa iman edýärsiňiz we söz bilen taryplap bolmajak beýik şatlykdan dolup-daşýarsyňyz. Sebäbi imanyňyzyň maksadyna ýetip, janyňyzyň halas bolmagyny gazanýarsyňyz.
1 Petrus 1:8-9
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
31 iýul 2025
2 Timothy 2:3
30 iýul 2025
Colossians 3:1
29 iýul 2025
Isaiah 64:1
28 iýul 2025
Ephesians 5:2
27 iýul 2025
2 Corinthians 4:4
26 iýul 2025
Hebrews 11:8
25 iýul 2025
1 John 3:14