Geliň, gökdäki Hudaýa elimizi-de, ýüregimizi-de açalyň.
Ýermeýanyň agysy 3:41
Gündelik Ýagtylyk
Geliň, gökdäki Hudaýa elimizi-de, ýüregimizi-de açalyň.
Ýermeýanyň agysy 3:41
Eý, deňiz, näme üçin gaçdyň? Eý, Iordan derýasy, näme üçin tersine akdyň? Eý, daglar, näme üçin bökjekleşdiňiz siz goçlar ýaly, depeler hem – guzular ýaly?
Zebur 113:5-6
Meni akla, ýa Reb, çünki aýypsyz gezdim, bil bagladym Rebbe, yranmaryn men.
Zebur 25:1
Ýyldyrymlar çakdyr, pytrat olary, peýkamlaryňy ýagdyr, dargat olary! Beýiklikden uzat eliňi, haýbatly suwlardan, kesekilerden azat et, halas et meni. Olaryň agzy ýalan sözleýär, olar ýalan kasam üçin sag elini galdyrýar.
Zebur 143:6-8
Meni gizle erbetleriň dilleşmesinden hem-de betkärleriň gozgalaňyndan. 4-5 Olar dillerini gylyç kimin ýiteldýär; bigünäni bukudan atmakçy bolup, ajy sözlerini peýkam kimin çeneýär; duýman durka ony atyp, asla gorkmaýar.
Zebur 63:3-4
Reb şeýle diýýär: «Özümi tanaýanlaryň ýanynda Men Rahaby we Babyly agzaýyn, Pilişt, Sur, Efiopiýa ýurtlaryny ýatlaýyn; Diýýärler: „Bu adam Sionda doglan“». Sion babatda şeýle aýdylar: «Bu adam hem, ol adam hem şu ýerde doglan». Beýik Hudaýyň hut Özi ony berkarar eder.
Zebur 86:4-5
Atam Ogly arkaly şöhratlanar ýaly, Meniň adym bilen näme dileseňiz, dilegiňizi bitirerin.
Ýohanna 14:13
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
5 sen 2025
1 Corinthians 12:12
4 sen 2025
Ruth 3:18
3 sen 2025
Exodus 13:7
2 sen 2025
Psalms 27:14
1 sen 2025
Galatians 5:22-23
31 awg 2025
Romans 5:16
30 awg 2025
Esther 5:2