Çuňluga, deňizleriň bagryna taşladyň meni. Gurşady suwlar meni. Ähli güýçli tolkunlaryň üstümden geçdi meniň.
Ýunus 2:4
Gündelik Ýagtylyk
Çuňluga, deňizleriň bagryna taşladyň meni. Gurşady suwlar meni. Ähli güýçli tolkunlaryň üstümden geçdi meniň.
Ýunus 2:4
Emma Sion: „Reb terk etdi meni, Taňrym meni unutdy“ diýdi. Emdirýän ene balasyny unudyp bilermi? Özünden önen çaga rehim etmezmi? Hatda ene öz balasyny unutsa-da, Men seni unutmaryn.
Işaýa 49:14-15
Meniň janym rahatlygy unutdy, şatlygyň nämedigi ýatdan çykdy. Özüme diýdim: «Jandan el üzdüm, Rebbe bolan ähli umydym öçdi».
Ýermeýanyň agysy 3:17-18
Wake up! Why do you sleep, Lord? Arise! Don’t reject us forever.
Psalms 44:23
Näme üçin, eý, Ýakup, eý, Ysraýyl: «Ýolum Rebbe aýan däldir, Hudaýym hakyma dykgat bermedi» diýýärsiňiz?
Işaýa 40:27
Gazap odunda senden bir salym ýüzümi gizledim, emma saňa rehim ederin sadyk söýgi bilen». Muny Penakäriňiz Reb diýýär.
Işaýa 54:8
Sensiň meniň Patyşam hem-de Hudaýym. Ýakup üçin ýeňişleri Sen buýur.
Zebur 43:5
Biz her tarapdan gysylýarys, ýöne owranmaýarys; biz çykgynsyz ýagdaýa düşýäris, ýöne ruhdan düşmeýäris; yzarlanýarys, ýöne terk edilmeýäris; urulýarys, ýöne öldürilmeýäris.
2 Korintoslylar 4:8-9
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
23 okt 2025
Luke 12:15
22 okt 2025
Psalms 108:1
21 okt 2025
John 1:16
20 okt 2025
Romans 7:22
19 okt 2025
Proverbs 3:26
18 okt 2025
John 19:34
17 okt 2025
Psalms 89:16