Mundan beýläk Günüň batmaz, Aýyň ýaşmaz, çünki Reb seniň ebedi nuruň bolar, ýasly günleriň tamam bolar.
Işaýa 60:20
Gündelik Ýagtylyk
Mundan beýläk Günüň batmaz, Aýyň ýaşmaz, çünki Reb seniň ebedi nuruň bolar, ýasly günleriň tamam bolar.
Işaýa 60:20
Bu zatlary size Mende rahatlygyňyz bolsun diýip aýtdym. Bu dünýäde gaýgy-gussaňyz bolar, ýöne mert boluň. Men dünýäni ýeňdim!» diýdi.
Ýohanna 16:33
Biz bütin ýaradylyşyň şu wagta çenli ahy-nala çekip, burgy jebirlerini çekýändigini bilýäris. Diňe bir ýaradylyş däl, eýsem gelejekdäki şöhratyň kepili hökmünde Mukaddes Ruhy alan biz hem ahy-nala çekýäris. Sebäbi biz özümiziň ogullyga alnyp, bedenimiziň çüýremeden azat edilmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.
Rimliler 8:22-23
Emma häzirlikçe bu pany çadyrymyzda bolup, hasrat çekýäris, görgi görýäris, sebäbi bu pany çadyrymyzdan dynasymyz gelenok. Tersine, Hudaýyň taýynlan mesgenine beslenip, baky ýaşaýşa ölmänkäk gowuşmagy küýseýäris.
2 Korintoslylar 5:4
Men: «Muny sen bilýänsiň, agam!» diýip jogap berdim. Ýaşuly: «Bular şol agyr muşakgatlary başdan geçirenler. Olar öz lybaslaryny Guzynyň gany bilen ýuwup, olary ap-ak etdiler. Şoňa görä, olar Hudaýyň tagtynyň öňünde bolup, gije-gündiz Onuň ybadathanasynda Oňa hyzmat edýärler. Tagtda Oturan olary Öz penasynda saklaýar. Olar indi asla ajykmazlar, asla suwsamazlar, olary gün urmaz, jöwza-da ýakmaz. Çünki tagtyň ortasynda duran Guzy olary bakar, olary ýaşaýyş suwunyň gözbaşlaryna äkider. Hudaý olaryň gözýaşlarynyň her damjasyny süpürer».
Aýanlyk 7:14-17
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
20 dek 2025
Ephesians 1:4
19 dek 2025
Psalms 112:4
18 dek 2025
Hebrews 4:16
17 dek 2025
Psalms 80:18
16 dek 2025
John 13:1
15 dek 2025
Galatians 6:2
14 dek 2025
Psalms 66:2