Biz bolsa iman edendigimiz üçin, dynçlyk mekanyna gireris. Iman etmedikler hakda bolsa Hudaý şeýle diýdi:
«Şoňa görä, olar dynçlyk mekanyma girmezler diýip,
Öz gazabymda Men kasam etdim».
Ol bu ýeriň hatda dünýä ýaradylaly bäri taýyn edilendigini aýtdy.
Ýewreýler 4:3
Her kim öz dostuny aldaýar,
hiç kim hakykaty sözlemeýär.
Dillerine ýalan sözlemegi öwretdiler,
şer işler edip, toba etmegi bilmediler.
Ýermeýa 9:5
bedenimiň şol ýörelgä ýykgyn edýändigini görýärin. Bu ýörelge meniň aňymdaky ýörelgä garşy göreşip, bedenimdäki günä ýörelgesine meni ýesir edýär. Wah, men bagtygarany diýsene! Ölüme eltýän bu bedenimden meni kim halas eder?
Rimliler 7:23-24
Eý, argynlar, agyr ýüklüler, Meniň ýanyma geliň, Men size dynçlyk bereýin.
Matta 11:28
Şeýlelikde, biz imanymyz bilen aklanyp, Rebbimiz Isa Mesih arkaly Hudaý bilen ýaraşdyk. Isa Mesih bize Hudaýyň merhemetiniň gapysyny açyp berdi. Biz iman arkaly bu merhemete ulaşyp, berk durus we Hudaýyň şöhratyna şärik boljakdygymyza umyt baglap begenýäris.
Rimliler 5:1-2
Hudaý Öz işlerinden dynyp, nähili dynç alan bolsa, Onuň dynçlyk mekanyna giren adam hem öz işlerinden dynyp, şeýle dynç alýandyr.
Ýewreýler 4:10
8-Hawa, men Rebbim Isa Mesihi tanamagyň ajaýyp belentliginiň hatyrasyna ähli zady biderek saýýaryn. Men Onuň hatyrasyna ähli zatdan geçip, bularyň baryny çöp-çör saýýaryn. Men Mesihi gazanasym we Onuň bilen mäkäm birigesim gelýär. Men Mukaddes Kanuna daýanýan öz dogrulygyma däl, eýsem Mesihe bolan imana daýanýan, iman arkaly Hudaýdan bolan dogrulyga eýe bolasym gelýär.
Filipililer 3:9
Olara: «Bu dynçlyk ýeridir,
argynlara dynç beriň,
bu dynçlyk ýeridir» diýdi;
emma diňlemek islemediler.
Işaýa 28:12