Çünki siz entek Hudaýyňyz Rebbiň salamatlyk we mülk berjek ýerine baryp ýetmediňiz.
Kanun taglymaty 12:9
Gündelik Ýagtylyk
Çünki siz entek Hudaýyňyz Rebbiň salamatlyk we mülk berjek ýerine baryp ýetmediňiz.
Kanun taglymaty 12:9
Turuň, gidiň, çünki bu ýer dynçlyk ýeri däldir! Murdarlygyňyz zerarly bu ýer zalymlyk bilen weýran ediler.
Mika 2:10
Şunlukda, Hudaýyň halkyna Sabat güni ýaly ýörite bir dynçlyk garaşýar.
Ýewreýler 4:9
Bu umyt janymyzy berk hem howpsuz saklaýandyr, ol göklerdäki çadyryň tutusynyň aňyrsyna geçýändir. Isa bize ýol açmak üçin, ol ýere ilkinji bolup girip, Mäliksadyk derejesindäki müdimilik Baş Ruhanymyz boldy.
Ýewreýler 6:19-20
Atamyň öýünde ýaşamaga ýer köpdür. Şeýle bolmasa, Men size: „Ýer taýynlamaga barýaryn“ diýermidim? Gidip, siziň üçin ýer taýynlanymdan soňra, ýene gelip, sizi Öz ýanyma alyp giderin. Meniň bolýan ýerimde siz hem bolarsyňyz.
Ýohanna 14:2-3
Men iki dagyň arasynda galdym: men dünýäden ötüp, Mesihiň ýanynda bolmak isleýärin. Bu juda ýagşydyr;
Filipililer 1:23
Ol Öz halkynyň gözleriniň her bir gözýaşyny süpürer. Indi ne ölüm, ne-de ýas, ne agy, ne-de agyry bolar. Çünki öňki zatlar geçip gitdi».
Aýanlyk 21:4
Ol ýerde ýamanlar ýamanlykdan el çekýärler, ýadawlar-da dynç alýarlar.
Eýýup 3:17
Muňa derek özüňize gökde hazyna ýygnaň, ol ýerde ne güýe, ne pos iýýändir, ne-de ogrular girip ogurlaýandyr. Hazynaňyz nirede bolsa, ýüregiňiz hem şol ýerde bolar.
Matta 6:20-21
Pikiriňizi dünýewi zatlara däl-de, gökdäki zatlara gönükdiriň.
Kolosiýalylar 3:2
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
3 ýan 2026
Psalms 107:7
2 ýan 2026
Isaiah 42:10
1 ýan 2026
Philippians 3:13-14
31 dek 2025
Deuteronomy 1:31
30 dek 2025
1 Corinthians 1:8
29 dek 2025
Ephesians 5:17
28 dek 2025
Mark 2:5