Şeýle umyt bizi utandyrmaz, sebäbi berlen Mukaddes Ruh arkaly ýüregimiz Hudaýyň söýgüsinden dolup-daşýar.
Rimliler 5:5
Gündelik Ýagtylyk
Şeýle umyt bizi utandyrmaz, sebäbi berlen Mukaddes Ruh arkaly ýüregimiz Hudaýyň söýgüsinden dolup-daşýar.
Rimliler 5:5
Patyşalar saňa atalyk, şa aýallary saňa enelik ederler. Olar saňa tagzym edip, aýak tozuňyzy ýalarlar. Şonda sen Meniň Rebdigimi bilersiň. Maňa umyt baglaýanlar utanja galmaz».
Işaýa 49:23
Rebbe bil baglan, Rebbe daýanan adam nähili bagtly!
Ýermeýa 17:7
Pikiri Özüňe ýönelenleri doly rahatlykda saklaýarsyň, çünki olar Saňa bil baglaýarlar. Rebbe ebedilik bil bagla, çünki Beýik Hudaý ebedi Gaýadyr.
Işaýa 26:3-4
Ömürboýy Saňa alkyş okaryn, ellerimi galdyryp, Saňa doga ederin. 6-7 Düşegimde Seni ýatlan wagtymda, gijäniň nobatlarynda Sen hakda oýlananymda, janym ýilik bilen ýagdan doýan dek bolýar, şadyýan dilim bilen agzym Saňa öwgüler aýdar.
Zebur 62:5-6
Hut şu sebäbe görä görgi baryny görýän bolsam-da, mundan asla utanmaýaryn, sebäbi Kime iman edenimi bilýärin. Onuň maňa tabşyran zadyny kyýamat gününe çenli saklamagy başarjakdygyna berk ynanýaryn.
2 Timoteos 1:12
Hudaý hem wadasyny kabul edýänlere Öz maksadynyň üýtgewsizdigini subut etmek isledi. Şonuň üçin Ol muny kasam bilen tassyklady. Şeýlelikde, Hudaý bize iki zat: hem wada berdi, hem kasam etdi. Munuň ikisi hem üýtgewsizdir, sebäbi Hudaý hiç wagt ýalan sözlemeýär. Şonuň üçin hem, biz Hudaýda pena tapyp, özümize berlen umyda berk ýapyşyp ruhlanýarys. Bu umyt janymyzy berk hem howpsuz saklaýandyr, ol göklerdäki çadyryň tutusynyň aňyrsyna geçýändir. Isa bize ýol açmak üçin, ol ýere ilkinji bolup girip, Mäliksadyk derejesindäki müdimilik Baş Ruhanymyz boldy.
Ýewreýler 6:17-20
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
22 ýan 2026
Psalms 48:14
21 ýan 2026
John 15:2
20 ýan 2026
Isaiah 9:6
19 ýan 2026
Acts 20:19
18 ýan 2026
Romans 5:14
17 ýan 2026
Isaiah 38:17
16 ýan 2026
Colossians 1:19