Men köp gözýaş döküp, pespällik bilen Rebbe hyzmat etdim. Ýahudylaryň garşyma guran dildüwşüklerine we synaglaryna duçar boldum.
Resul 20:19
Gündelik Ýagtylyk
Men köp gözýaş döküp, pespällik bilen Rebbe hyzmat etdim. Ýahudylaryň garşyma guran dildüwşüklerine we synaglaryna duçar boldum.
Resul 20:19
Siziň araňyzda beýle bolmasyn. Araňyzda kim üstün bolmak isleýän bolsa, beýlekileriň hyzmatkäri bolsun. Kim ilkinji bolmak isleýän bolsa, hemmäňiziň guly bolsun. Ynsan Ogly hem Özüne hyzmat edilmegi üçin däl-de, eýsem, başgalara hyzmat etmek üçin, köpleriň ugrunda janyny gurban edip, olary azat etmek üçin geldi» diýdi.
Matta 20:26-28
Emma kimdir biri hiç bolup-da, özüne nämedirin öýtse, ol özüni aldaýandyr.
Galatýalylar 6:3
Özüme berlen merhemetden peýdalanyp, siziň hemmäňize şulary diýýärin: özüňize ýokary baha bermäň. Tersine, Hudaýyň her kime beren imanyna görä özüňiz babatda sagdyn düşünjeli boluň.
Rimliler 12:3
Siz hem özüňize buýrulan ähli zady berjaý edeniňizden soň: „Biz hem ýöne bir hyzmatkärdiris, diňe özümize tabşyrylan ýumşy ýerine ýetirdik“ diýiň».
Luka 17:10
Ine, biz şuňa buýsanýarys: biz her kes, ylaýta-da siz babatda Hudaýyň beren göwnaçyklygy we päk ýürekliligi bilen hereket edýäris. Biz muny ynsan danalygyna däl-de, Hudaýyň merhemetine daýanyp edýäris. Muňa biziň ynsabymyz-da şaýatdyr.
2 Korintoslylar 1:12
Biz hazynalary özünde saklaýan toýun küýzeler kimindiris. Şonuň üçin-de, bu ajaýyp gudratyň bizden däl-de, Hudaýdandygy äşgärdir.
2 Korintoslylar 4:7
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
18 ýan 2026
Romans 5:14
17 ýan 2026
Isaiah 38:17
16 ýan 2026
Colossians 1:19
15 ýan 2026
Psalms 119:25
14 ýan 2026
John 14:28
13 ýan 2026
Isaiah 26:3
12 ýan 2026
Jude 25