Meni howp astyna salma, betbagtlyk güni penakärim Sensiň.
Ýermeýa 17:17
Gündelik Ýagtylyk
Meni howp astyna salma, betbagtlyk güni penakärim Sensiň.
Ýermeýa 17:17
Dogry gurbanlyklary hödürläň, Rebbe bil baglaň.
Zebur 4:6
But I will sing of your strength. Yes, I will sing aloud of your loving kindness in the morning. For you have been my high tower, a refuge in the day of my distress.
Psalms 59:16
Seniň eliňe tabşyrýaryn men öz ruhumy; meni halas etdiň, ýa Reb, hakykatyň Hudaýy.
Zebur 30:6
Begenip şatlanaryn sadyk söýgiňe, çünki Sen muşakgat halymy gördüň, janymyň çekýän derdini bildiň; tabşyrmadyň meni duşman eline; duruzdyň aýaklarymy giň ýerde. Ýa Reb, maňa merhemet eýle, sebäbi men hasrat içinde; gaýgy-gamdan ýaňa gözüm küteldi; meniň janym hem-de bagrym gurady.
Zebur 30:8-10
«Men seni bir salym terk etdim, ýöne beýik rehim bilen seni ýygnaryn. Gazap odunda senden bir salym ýüzümi gizledim, emma saňa rehim ederin sadyk söýgi bilen». Muny Penakäriňiz Reb diýýär.
Işaýa 54:7-8
Size dogrusyny aýdýaryn, siz aglap ýas tutarsyňyz, dünýä bolsa şatlanar. Siz gaýga batarsyňyz, ýöne gaýgyňyz şatlyga öwrüler.
Ýohanna 16:20
Maňa gurlan tordan Sen meni çykar, çünki Sen meniň penamsyň.
Zebur 30:5
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
17 few 2026
Leviticus 4:12
16 few 2026
Song of Solomon 1:3
15 few 2026
Proverbs 20:9
14 few 2026
Matthew 3:15
13 few 2026
Ezekiel 1:26
12 few 2026
Malachi 3:17
11 few 2026
Malachi 3:16