11-Emma baş ruhany öküzçäniň derisini, bar etini, kellebaşaýagyny, garyn-içegelerini garyn-gajagy bilen, garaz, öküzçäniň diňe ýagyndan başga bar zadyny düşelgäniň daşyndaky bir halal ýere, kül üýşmeginiň üstüne çykardyp ýakdyrsyn.
Lewiler 4:12
Gündelik Ýagtylyk
11-Emma baş ruhany öküzçäniň derisini, bar etini, kellebaşaýagyny, garyn-içegelerini garyn-gajagy bilen, garaz, öküzçäniň diňe ýagyndan başga bar zadyny düşelgäniň daşyndaky bir halal ýere, kül üýşmeginiň üstüne çykardyp ýakdyrsyn.
Lewiler 4:12
Ahyry Pilat Isany haça çüýlemek üçin, Ony esgerleriň eline tabşyrdy.
Ýohanna 19:16
Ol ýerde Isany we Onuň bilen bile ýene iki adamy haça çüýlediler: olaryň biri – Onuň sag tarapynda, beýlekisi çep tarapyndady, Isa bolsa ortadady.
Ýohanna 19:18
Gurbanlyk mallarynyň ganyny baş ruhany Iň mukaddes otaga getirip, günä üçin hödürleýär, emma olaryň maslygy düşelgeden daşarda ýakylýar. Şoňa görä, Isa hem şäher derwezesinden daşarda ejir çekip öldi. Ol halkyny Öz gany bilen päkledi. Geliň, bizem Onuň çydan kemsidilmelerine çydap, düşelgeden daşary – Onuň ýanyna gideliň,
Ýewreýler 13:11-13
10-Men Isa Mesihiň Özüni, Onuň direlişiniň güýjüni bilesim gelýär. Isa Mesihiň jebir-jepalaryna şärik bolup, Oňa Onuň ölüminde meňzäp, ölümden direlişe ýetesim gelýär.
Filipililer 3:10
Tersine, Mesihiň çeken ejirlerine şärik bolýan ýaly şatlanyň. Onuň şöhraty aýan bolanda, şatlygyňyzyň çägi bolmaz.
1 Petrus 4:13
Çünki ýeňil we wagtlaýyn muşakgatlarymyz bize juda ajaýyp, beýik we baky şöhrat gazandyrar. Şonda bu muşakgatlar edil bolmadyk ýaly bolar.
2 Korintoslylar 4:17
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
16 few 2026
Song of Solomon 1:3
15 few 2026
Proverbs 20:9
14 few 2026
Matthew 3:15
13 few 2026
Ezekiel 1:26
12 few 2026
Malachi 3:17
11 few 2026
Malachi 3:16
10 few 2026
Luke 11:34