Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Meniň bellän günüm olar Meniňki bolar. Olar Meniň gymmatly halkym bolar. Atasynyň özüne hyzmat eden ogluna haýpy gelşi ýaly, Meniň hem olara haýpym geler.
Malaky 3:17
Gündelik Ýagtylyk
Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Meniň bellän günüm olar Meniňki bolar. Olar Meniň gymmatly halkym bolar. Atasynyň özüne hyzmat eden ogluna haýpy gelşi ýaly, Meniň hem olara haýpym geler.
Malaky 3:17
Dünýäden Özüme beren adamlaryňa Seniň adyňy aýan etdim. Olar Seniňkidir we Sen olary Maňa berdiň, olar Seniň sözüňi berjaý etdiler.
Ýohanna 17:6
Olar üçin Saňa ýalbarýaryn. Dünýä üçin däl-de, Maňa beren adamlaryň üçin ýalbarýaryn, çünki olar Seniňkidir. Meniň ähli zadym Seniňkidir, Seniňki-de Meniňkidir, Men olar arkaly şöhratlandym.
Ýohanna 17:9-10
Eý, Ata, Seniň Maňa beren ynsanlaryň-da Meniň bilen bir ýerde bolmaklaryny isleýärin. Şeýle hem, goý, olar Meniň şöhratymy we Seniň Maňa beren şöhratyňy görsünler. Çünki Sen Meni dünýä ýaradylmazdan öň söýýärdiň.
Ýohanna 17:24
Gidip, siziň üçin ýer taýynlanymdan soňra, ýene gelip, sizi Öz ýanyma alyp giderin. Meniň bolýan ýerimde siz hem bolarsyňyz.
Ýohanna 14:3
Rebbiň saýlap-seçenleri bolsa Onuň geljek şol gününde Rebbi şöhratlandyrarlar. Iman edenleriň ählisi Rebbi beýgelderler. Bulara siz hem degişlisiňiz, sebäbi siz özüňize edilen şaýatlyklara ynandyňyz.
2 Salonikliler 1:10
Soňra bolsa biz, ýagny diriler, olar bilen bile Rebbi howada garşylamak üçin, bulutlar içinde alnyp göterileris we elmydama Reb bilen bolarys.
1 Salonikliler 4:17
Rebbiň elinde gözellik täji, Hudaýyňyň elinde şalyk jygasy bolarsyň.
Işaýa 62:3
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
11 few 2026
Malachi 3:16
10 few 2026
Luke 11:34
9 few 2026
Luke 16:25
8 few 2026
John 15:15
7 few 2026
Deuteronomy 8:10-11
6 few 2026
1 Timothy 1:14
5 few 2026
John 10:10