Olar Hudaýyň ýüzüni görerler, maňlaýlarynda Onuň ady bolar.
Aýanlyk 22:4
Gündelik Ýagtylyk
Olar Hudaýyň ýüzüni görerler, maňlaýlarynda Onuň ady bolar.
Aýanlyk 22:4
14-Men gowy çopandyryn. Edil Atamyň Meni, Meniňem Atamy tanaýşym ýaly, Men goýunlarymy tanaýandyryn. Olar-da Meni tanaýandyrlar; Men goýunlarym üçin janymy pida edýärin.
Ýohanna 10:14
Emma her niçik bolsa-da, Hudaýyň tutan binýady berk durandyr. Bu binýat «Reb Özüniňkileri tanaýandyr», «Rebbiň adyny ykrar edýän her kes ýamanlykdan uzakda dursun» diýen sözler bilen möhürlenendir.
2 Timoteos 2:19
Reb ýagşydyr, betbagtlyk gününde halkyna penadyr; Ol Öz penasyndakylary goraýandyr.
Nahum 1:7
«Biz Hudaýymyzyň gullarynyň maňlaýyna möhür basýançak, ýere, deňze we agaçlara zyýan ýetirmäň!»
Aýanlyk 7:3
Indi siz hem hakykat sözüni, ýagny halas bolmak baradaky Hoş Habary eşidip, Mesihe iman etdiňiz. Şoňa görä-de Hudaýyň wada beren Mukaddes Ruhy bilen möhürlendiňiz. Hudaýa degişli adamlar doly azat bolýança, Mukaddes Ruh biziň mirasymyzyň kepilnamasydyr. Bularyň bary Hudaýa şan-şöhrat getirýär.
Efesliler 1:13-14
Hudaý bizi siz bilen birlikde Isa Mesihe baglap, imanda berk durmagymyza ýardam berýär. Ol bizi seçip-saýlady-da, möhürläp, bularyň kepili hökmünde ýüregimize Mukaddes Ruhuny berdi.
2 Korintoslylar 1:21-22
Ýamanlykdan üstün geleni Hudaýymyň ybadathanasynyň diregi ederin. Ol şol ýerde baky galar. Men onuň maňlaýyna Hudaýymyň adyny we Hudaýymyň şäheriniň adyny ýazaryn. Bu şäher gökden, Hudaýymyň huzuryndan inýän täze Iýerusalimdir. Men onuň maňlaýyna Öz adymy hem ýazaryn.
Aýanlyk 3:12
Şol günlerde Ýahuda halas bolar, Iýerusalim howpsuz ýaşar. Ony: ‘Reb – biziň Hakperwerimizdir!’ diýip atlandyrarlar“.
Ýermeýa 33:16
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
17 mart 2026
Leviticus 1:4
16 mart 2026
James 4:14
15 mart 2026
Hebrews 2:10
14 mart 2026
Titus 2:10
13 mart 2026
1 Timothy 2:5
12 mart 2026
Numbers 6:25-26
11 mart 2026
Numbers 6:24