19 mart 2026 penşenbe

Gündelik Ýagtylyk

19 mart 2026

My soul is weary with sorrow: strengthen me according to your word.

Psalms 119:28

Remember your word to your servant, because you gave me hope.

Psalms 119:49

Garlawaç, durna kimin gygyrdym, gumry kimin iňledim, gözlerim göge bakmakdan ýadady. Ýa Reb, men zulum içinde, dadyma ýetiş!

Işaýa 38:14

Asman bilen ýer öter, emma Meniň sözlerim asla ötmez.

Luka 21:33

Ine, görşüňiz ýaly, meniň sanalgym doldy. Hudaýyňyz Rebbiň size beren ähli ajaýyp wadalarynyň ýekejesi hem ýerine ýetmän galmandygyny siziň hut özüňiz mese-mälim bilýäňiz. Onuň her bir sözi amala aşdy, ýekejesi hem hakykata öwrülmän galmady.

Ýeşuwa 23:14

Ol maňa: «Jandan eziz söýülýän ynsan, gorkma, saňa rahatlyk bolsun! Dözümli we mert bol!» diýdi. Ol meniň bilen gepleşende, men güýçlendim we oňa: «Aýdyber, jenabym, çünki sen maňa güýç berdiň» diýdim.

Danyýel 10:19

Eý, Zerubabyl, ruhdan düşme, muny Men – Reb aýdýandyryn. Eý, Ýehosadagyň ogly baş ruhany Ýeşuwa, ruhdan düşme! Eý, ýurduň ähli halky, ruhdan düşme. Muny Men – Reb aýdýandyryn. Işläň, çünki Men siziň bilendirin, muny Men – Hökmürowan Reb aýdýandyryn.

Hagaý 2:4

Ol maňa şeýle diýdi: «Bu Rebbiň Zerubabyla: „Güýç we zorluk bilen däl-de, diňe Meniň Ruhum bilen iş bitirersiň“ diýen sözi. Muny Hökmürowan Reb diýýär.

Zakarýa 4:6

Şunlukda, Rebbiň beýik güýji bilen kuwwatlanyň.

Efesliler 6:10

Emeli intellekt bilen terjime edilen, Mukaddes Kitap sitatalary hem şol sanda — islendik salgylamany açyp, Mukaddes Kitap terjimesinde okaň.

Eliňizdäki Mukaddes Kitap her bir adam üçin iň wajyp kitapdyr! Bu kitap arkaly adamzat öz Ýaradyjysy Hudaýy tanap, Onuň biz üçin niýetlän ajaýyp maksadyny öwrener we iman edip, baky ýaşaýşa eýe bolar.

Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).

Soňky günler