Çünki siz Isa Mesih arkaly ähli zada: dilewarlyga-da, bilim hazynasyna-da eýe bolduňyz.
1 Korintoslylar 1:5
Gündelik Ýagtylyk

Çünki siz Isa Mesih arkaly ähli zada: dilewarlyga-da, bilim hazynasyna-da eýe bolduňyz.
1 Korintoslylar 1:5
Biziň özümizi aklamaga güýjümiz ýokka, Isa Mesih Hudaýyň öňden bellän wagtynda biz hudaýsyzlar üçin öldi.
Rimliler 5:6
Hudaý hatda Öz Ogluny aýaman, Ony biziň günälerimiz üçin ölüme tabşyran bolsa, onda Onuň bilen birlikde beýleki zatlaryň baryny hem eçilmezmi näme?!
Rimliler 8:32
Çünki Hudaýyň doly kämilligi bir beden kimin Mesihde ýaşaýar. Siz hem her bir güýjüň we ygtyýarlygyň başy bolan Mesih arkaly bitewülige gowuşdyňyz.
Kolosiýalylar 2:9-10
Mende ýaşaň, Men hem sizde ýaşaýyn. Üzüm agajyndan aýrylan şaha öz-özünden miwe berip bilmeýşi ýaly, Menden aýrylsaňyz, siz hem miwe berip bilmersiňiz. Men üzüm agajydyryn, siz şahalarsyňyz. Kim Mende, Menem onda ýaşasam, ol bol miwe berer. Siz Menden üzňe hiç zat edip bilmersiňiz.
Ýohanna 15:4-5
Mende, hawa, ynsan tebigatymda oňat zadyň ýokdugyny anyk bilýärin. Sebäbi oňat işleri etmäge islegim bolsa-da, olary amal etmegi başarmaýaryn.
Rimliler 7:18
Mesih biziň her birimize sahylyk bilen peşgeşler eçildi.
Efesliler 4:7
Mende mesgen tutup, sözlerimi ýüregiňizde saklasaňyz, näme dileseňiz, size berler.
Ýohanna 15:7
Goý, Mesihiň sözi kalbyňyzyň töründe ornaşsyn. Bütin akyldarlyk bilen biri-biriňize tälim we öwüt-nesihat beriň. Mezmurlar, öwgi aýdymlar, ruhy nagmalar aýdyp, Hudaýa ýürekden minnetdarlyk bildiriň.
Kolosiýalylar 3:16
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
7 apr 2026
2 Corinthians 6:10
6 apr 2026
Hebrews 7:25
5 apr 2026
Genesis 32:26
4 apr 2026
Revelation 1:17
3 apr 2026
2 Peter 3:8-9
2 apr 2026
1 John 5:21
1 apr 2026
Galatians 5:22

Ruhy Ösüş
Mesihçiler adamzada mahsus bolan, günä we Mesihiň yzyna düşmek bilen bagly kynçylyklara duçar bolýarlar…
Hudaýyň hökümdarlygy
Hudaý ýüregimizde birinji orunda bolmagy talap edýär, bäsdeşlere ýol bermeýär. Adam bilen Ybraýymyň…
Jaýlama çäresi
Iman edenleriň ölüme umyt bilen nähili garşy durýandygyny öwreniň, Dawudyň Saul we Ýonatan üçin hormatly…

Ruhy Ösüş
Mesihçiler adamzada mahsus bolan, günä we Mesihiň yzyna düşmek bilen bagly kynçylyklara duçar bolýarlar…
Nika
Söýgi, şatlyk we parahatçylyk ýaly Mukaddes Ruhyň dokuz miwesiniň nikanyňyzy nädip berkitjekdigini öwreniň.
Maşgala
Maşgalaňyz üçin berk ruhy binýat gurmagy nädip öwrenmelidigini öwreniň. Bu gollanma Mesih merkezli öý üçin üç…
Günä
Dawudyň kejirligi ony rugsat berilmedik ilat ýazuwyny geçirmäge, Hudaýyň sözüni we akylly maslahaty…

Hudaýyň hökümdarlygy
Hudaý ýüregimizde birinji orunda bolmagy talap edýär, bäsdeşlere ýol bermeýär. Adam bilen Ybraýymyň…