Seniň Meni hemişe-de eşidýändigiňi bilýärin. Emma bu sözleri şu ýerde duran halk üçin, Meni Seniň iberendigiňe iman etsinler diýip aýtdym» diýdi.
Ýohanna 11:42
Gündelik Ýagtylyk
Seniň Meni hemişe-de eşidýändigiňi bilýärin. Emma bu sözleri şu ýerde duran halk üçin, Meni Seniň iberendigiňe iman etsinler diýip aýtdym» diýdi.
Ýohanna 11:42
Şeýlelikde, daşy aýyrdylar. Isa gözüni göge dikip: «Eý, Ata, Meni eşideniň üçin Saňa şükür edýärin.
Ýohanna 11:41
Eý, Ata, adyňy şöhratlandyr!» Şonda gökden: «Men adymy şöhratlandyrdym we ýene-de şöhratlandyraryn» diýen ses geldi.
Ýohanna 12:28
Şonda diýdim: „Ine, Men! Kitapda Men barada ýazylgy. Eý, Hudaýym, islegiňi berjaý etmäge, ine, Men geldim“».
Ýewreýler 10:7
«Eý, Atam! Eger isleseň, bu hasrat käsesini Menden sowa geçir! Ýöne Meniň islegim däl, Seniň islegiň amala aşsyn!» diýip, dileg etmäge durdy.
Luka 22:42
Şeýlelik bilen söýgi bizde kämilleşip, kyýamat güni bize ynam berer. Sebäbi biz bu dünýäde edil Mesih ýaly ýaşaýarys.
1 Ýohanna 4:17
Biz Hudaýa bil baglaýarys, sebäbi Onuň yradasyna görä näme dilesek, dilegimizi eşidýändigini bilýäris.
1 Ýohanna 5:14
Ondan näme dilesek alarys, sebäbi biz Onuň buýruklaryny berjaý edip, Ony hoşnut edýän işleri edýändiris.
1 Ýohanna 3:22
Iman etmeýän adam hiç wagt Hudaýy hoşnut edip bilmez. Hudaýa ýakynlaşan adam Onuň barlygyna we Özüni agtarýanlary sylaglajakdygyna ynanmalydyr.
Ýewreýler 11:6
Şeýlelikde, Isa Özi arkaly Hudaýa gelýänleri ebedilik halas etmegi başarýandyr. Çünki Isa Mesih olar üçin hemişe Hudaýa töwella edýär.
Ýewreýler 7:25
Eziz balalarym! Men size şulary günä etmezligiňiz üçin ýazýaryn. Emma kimdir biri günä etse, Atanyň huzurynda aklawçymyz Isa Mesih bar, Ol adyldyr.
1 Ýohanna 2:1
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
29 maý 2026
Leviticus 17:11
28 maý 2026
Philippians 3:20
27 maý 2026
Nahum 1:7
26 maý 2026
Hebrews 13:20
25 maý 2026
Psalms 31:19
24 maý 2026
Ephesians 4:30
23 maý 2026
Exodus 28:12