Olaryň bar niýeti meni beýiklikden pese düşürmek; olar ýalan sözlemekden lezzet alýarlar, agyzlary bilen ak pata berýärler, ýüreklerinde bolsa näletleýärler. Sela
Zebur 61:5
Gündelik Ýagtylyk
Olaryň bar niýeti meni beýiklikden pese düşürmek; olar ýalan sözlemekden lezzet alýarlar, agyzlary bilen ak pata berýärler, ýüreklerinde bolsa näletleýärler. Sela
Zebur 61:5
Seniň garşyňa ýasalan ýarag derde ýaramaz, hökümde garşyňa çykýan her dili aýyplarsyň. Rebbiň bendeleriniň mirasy şudur, Men olary aklaryn». Muny Reb aýdýandyr.
Işaýa 54:17
Çünki sebäpsiz ýere meniň üçin duzak gurdular; sebäpsiz ýere meniň üçin çukur gazdylar. Goý, heläkçilik duýdansyz olaň başyna insin, gizlin guran duzaklaryna özleri düşsün, heläkçilige uçranda, goý, şoňa düşsün. Meniň janym bolsa Rebde şat bolar; meni halas edendigine begener. Şeýle diýer meniň ähli süňklerim: «Ýa Reb, eýsem Sen ýaly barmy? Sen ejizi gutarýarsyň güýçlüden, pukaradyr mätäçleri – talaňçysyndan».
Zebur 34:7-10
Eý, Hudaý, çagyrýan Seni, çünki Sen berersiň maňa jogaby, gulak goý-da, eşit meniň sözümi.
Zebur 16:6
Ýöne Meniň adymdan gorkýan siz üçin şöhlesi bilen şypa berjek adalat güneşi dogar. Siz şonda gazygyndan boşanan göle ýaly böküşersiňiz.
Malaky 4:2
Hudaý hatda Öz Ogluny aýaman, Ony biziň günälerimiz üçin ölüme tabşyran bolsa, onda Onuň bilen birlikde beýleki zatlaryň baryny hem eçilmezmi näme?!
Rimliler 8:32
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
28 iýul 2026
Ephesians 5:2
27 iýul 2026
2 Corinthians 4:4
26 iýul 2026
Hebrews 11:8
25 iýul 2026
1 John 3:14
24 iýul 2026
Romans 12:12
23 iýul 2026
1 Corinthians 15:24
22 iýul 2026
Romans 6:10