Hudaý hatda Öz perişdelerine ynam etmeýär, gökler-de Onuň nazarynda tämiz däl. Etmişi suw kimin içýän, ýigrenji, bozuk ynsana Hudaý neneň ynam etsin.
Eýýup 15:15-16
Gündelik Ýagtylyk
Hudaý hatda Öz perişdelerine ynam etmeýär, gökler-de Onuň nazarynda tämiz däl. Etmişi suw kimin içýän, ýigrenji, bozuk ynsana Hudaý neneň ynam etsin.
Eýýup 15:15-16
Hatda Hudaýa Aý şugla saçmasa, ýyldyzlar Oňa öçügsi görünse, onda ynsan Hudaýyň gözüne gurçukça, adamzat-da gurtça görner!»
Eýýup 25:5-6
Eý, Rebbim, hudaýlaryň arasynda heý-de Seň ýalysy barmydyr? Kim mukaddeslikde Seniň ýaly beýik! Geň gudratlaryňdan gorkup, halk Seni şöhratlar.
Müsürden çykyş 15:11
Olar biri-birine şeýle diýdi: «Hökmürowan Reb mukaddesdir, mukaddesdir, mukaddesdir. Tutuş älem Onuň şöhratyndan doludyr».
Işaýa 6:3
Özüňizi çagyran Hudaýyň mukaddes bolşy ýaly, siz hem ähli edýän işleriňizde mukaddes boluň. Sebäbi: «Mukaddes boluň, çünki Men mukaddesdirin» diýlip ýazylandyr.
1 Petrus 1:15-16
Atalarymyz bize öz bilişlerine görä, gysga wagtlyk terbiýe beripdiler. Hudaý bolsa biziň hem Onuň ýaly päk bolup bilmegimiz üçin bize terbiýe berilýär.
Ýewreýler 12:10
Hudaýyň ybadathanasyny weýran edeni Hudaý weýran eder. Çünki Hudaýyň ybadathanasy mukaddesdir, şol ybadathana – sizsiňiz.
1 Korintoslylar 3:17
11-Ähli zat şeýdip dargajak bolsa, onda siziň nähili adamlar bolmagyňyz gerek? Hudaýyň gününe garaşyp, ony çaltlandyryp, Hudaýyň päk ýörelgesine eýermegiňiz gerek. Ol gün asman ýanyp ýok bolar, asman jisimleri ýanyp erär.
2 Petrus 3:11
Şoňa görä-de, eý, söýgüli doganlar, bulara garaşýandygyňyz üçin, Hudaýyň nazarynda parahatlykda ýaşap, päk we aýypsyz bolmaga jan ediň.
2 Petrus 3:14
Agzyňyzdan hiç haçan ýaramaz söz çykmasyn. Gaýtam, diňleýänleriň mätäçliklerine görä, gerekli sözleri sözläp, olary ruhlandyryň, şonda sözleriňiz olara peýda getirer. Hudaýyň Mukaddes Ruhuny gamgyn etmäň. Çünki Mukaddes Ruh siziň Hudaýa degişlidigiňiziň hem-de gutulyş güni azat edilmegiňiziň kepilnamasydyr.
Efesliler 4:29-30
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
25 iýul 2026
1 John 3:14
24 iýul 2026
Romans 12:12
23 iýul 2026
1 Corinthians 15:24
22 iýul 2026
Romans 6:10
21 iýul 2026
Romans 3:1-2
20 iýul 2026
John 17:16
19 iýul 2026
Luke 1:49