Şu sebäpden men Mesihiň hatyrasyna ejizliklere, sögünçlere, mätäçliklere, yzarlanmalara, muşakgatlara razydyryn. Çünki men ejizkäm güýçlüdirin!
2 Korintoslylar 12:10
Gündelik Ýagtylyk
Şu sebäpden men Mesihiň hatyrasyna ejizliklere, sögünçlere, mätäçliklere, yzarlanmalara, muşakgatlara razydyryn. Çünki men ejizkäm güýçlüdirin!
2 Korintoslylar 12:10
Asa Hudaýy Rebbi çagyryp, şeýle diýdi: «Ýa Reb, güýçli adama garşy çykmakda ejize diňe Sen ýardam berýänsiň. Ýa Beýik Hudaýymyz, bize ýardam et, çünki biz Saňa bil baglaýarys. Seniň adyň bilen biz bu ummasyz goşunyň garşysyna çykdyk».
2 Ýyl ýazgylary 14:11
Söweş arabalarynyň serkerdeleri Ýehoşapady görenlerinde: «Şu hökman Ysraýylyň patyşasy bolmalydyr» diýip, oňa hüjüm etmek üçin şol tarapa sowuldylar. Ýehoşapat bar sesine gygyrdy. Reb onuň dadyna ýetişip, serkerdeleri ondan daşlaşdyrdy.
2 Ýyl ýazgylary 18:31
Seniň parzlaryňy berjaý ederin, bütinleý terk etmegin meni. Ýaş ynsan ýoluny nädip päk saklap biler? Ony Seniň sözüňe görä goramak bilen.
Zebur 118:8-9
Dogry adamlarda Rebbiň gözleri, perýatlaryna açyk Onuň gulagy. Rebbiň ýüzi betkärlere garşydyr; olary ýatlamadan ýer ýüzünde nyşan galdyrmaz.
Zebur 33:16-17
Sebäbi biziň söweşimiz ynsanlara garşy däldir! Tersine, biz tümlügiň ruhy hökümdarlaryna we erk-ygtyýarlylaryna, şeýle-de gökdäki ýowuz ruhy güýçlere garşy söweşýäris. Şonuň üçin ýaman döwürde gaýtawul berip bilmegiňiz üçin, Hudaýyň ähli ýaraglaryny dakynyň. Şonda ornuňyzda berk durmagy başararsyňyz.
Efesliler 6:12-13
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
26 iýul 2026
Hebrews 11:8
25 iýul 2026
1 John 3:14
24 iýul 2026
Romans 12:12
23 iýul 2026
1 Corinthians 15:24
22 iýul 2026
Romans 6:10
21 iýul 2026
Romans 3:1-2
20 iýul 2026
John 17:16