Hudaýymyz Reb tarapyndan ýaradylan haýwanlarynyň arasynda iň mekiri ýylandy. Ýylan aýaldan: «Dogrudanam, Hudaý size bagdaky agaçlaryň hiç birinden iýmäň diýdimi?» diýip sorady.
Gelip çykyş 3:1
Gündelik Ýagtylyk
Hudaýymyz Reb tarapyndan ýaradylan haýwanlarynyň arasynda iň mekiri ýylandy. Ýylan aýaldan: «Dogrudanam, Hudaý size bagdaky agaçlaryň hiç birinden iýmäň diýdimi?» diýip sorady.
Gelip çykyş 3:1
Şol wagt Onuň ýanyna azdyryjy şeýtan gelip: «Eger Sen Hudaýyň Ogly bolsaň, onda şu daşlaryň çörege öwrülmegini buýur» diýdi. Emma Isa oňa: «„Ynsan diňe çörek bilen ýaşaman, eýsem Rebbiň agzyndan çykýan her bir söz bilen hem ýaşaýar“ diýip ýazylgydyr» diýip jogap berdi.
Matta 4:3-4
Isa oňa: «„Hudaýyňyz Rebbi synamaň“ diýip hem ýazylgydyr» diýdi.
Matta 4:7
Isa oňa: «Ýok bol, şeýtan! „Hudaýyňyz Rebbe sežde ediň, diňe Oňa gulluk ediň“ diýip ýazylandyr» diýdi. Şundan soň iblis Isany taşlap gitdi. Perişdeler gelip, Isa hyzmat etdiler.
Matta 4:10-11
Emma Hudaýyň adamy: «Men seniň bilen yzyma, öýüňe gidip bilmen; men bu ýerde seniň bilen çöregem iýjek däl, suwam içjek däl. Çünki Reb maňa: „Ol ýerde çörek iýme, suw içme, giden ýoluňdan yzyňa gaýtma“ diýip tabşyrdy» diýdi. Onsoň ol pygamber Hudaýyň adamyna şeýle diýdi: «Men hem seniň ýaly bir pygamberdirin. Rebbiň tabşyrygy boýunça bir perişde maňa: „Ol çörek iýip, suw içer ýaly ony yzyna öwür-de, özüň bilen bile öýüňe alyp gaýt“ diýdi». Ol Hudaýyň adamyny aldaýardy. Onsoň Hudaýyň adamy onuň bilen yzyna gaýtdy we onuň öýüne gelip, çörek edindi, suw içdi.
1 Patyşalar 13:16-19
Hudaýyň adamyny ýoldan yzyna öwren bu pygamber bolan wakany eşideninde: «Ol Rebbiň sözüne gulak asmadyk Hudaýyň adamydyr; Reb aýdan sözüne görä, ony arslana berip, arslan hem ony parçalap öldüren bolmaly» diýdi.
1 Patyşalar 13:26
Emma hatda biz ýa-da asmandan inen bir perişde size öň wagyz eden Hoş Habarymyzdan başga bir «hoş habary» wagyz etse, goý, näletli bolsun!
Galatýalylar 1:8
I have hidden your word in my heart, that I might not sin against you.
Psalms 119:11
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
26 sen 2026
Deuteronomy 32:4
25 sen 2026
James 1:4
24 sen 2026
Psalms 73:28
23 sen 2026
Ezra 9:9
22 sen 2026
Psalms 104:34
21 sen 2026
Romans 8:28
20 sen 2026
Proverbs 3:13