Bularyň hemmesi Hudaý adamlaryň ýaşyryn işlerini we pikirlerini Isa Mesih arkaly kazylyk etjek gününde aýan bolar. Bularyň bary wagyz edýän Hoş Habarymda beýan edilendir.
Rimliler 2:16
Gündelik Ýagtylyk
Bularyň hemmesi Hudaý adamlaryň ýaşyryn işlerini we pikirlerini Isa Mesih arkaly kazylyk etjek gününde aýan bolar. Bularyň bary wagyz edýän Hoş Habarymda beýan edilendir.
Rimliler 2:16
Şoňa görä-de, bellenilen wagt ýetýänçä, hiç kimiň üstünden höküm çykarmaň. Reb gelýänçä garaşyň. Ol garaňkylykdaky gizlin zatlary ýagtylyga çykarar, adamlaryň ýürek niýetlerini aýan eder. Şonda her kes Hudaýdan öz edenine laýyk öwgüsini alar.
1 Korintoslylar 4:5
Ata hiç kimiň üstünden höküm çykarýan däldir, Ol ähli kazylygy Ogla tabşyrandyr.
Ýohanna 5:22
Onuň Ynsan Ogludygy sebäpli, Oňa kazylyk etmek ygtyýaryny-da berdi.
Ýohanna 5:27
«Tiýatiradaky ýygnagyň perişdesine şuny ýaz: Gözleri alawlaýan ot ýaly, aýaklary mis ýaly ýalpyldaýan Hudaýyň Ogly şeýle diýýär:
Aýanlyk 2:18
Näme üçin goluňy yza çekýärsiň? Eliňi goltugyňdan çykaryp, ýok et olary!
Zebur 73:11
Şonda dogrulyk gurbanlyklary, ýakma gurbanlyklary, tutuş ýakma gurbanlyklary-da Seniň göwnüňden turar. Şonda Seniň gurbanlyk sypalaryňda öküzler sadaka berler.
Zebur 50:21
Ýapyk bolup, üsti açylmajak, gizlin bolup, bilinmejek zat ýokdur.
Luka 12:2
Ähli ýazyklarymdan meni halas et, meni akmaklara masgara etme.
Zebur 38:9
Betkärler: duşmanlarym hem ýagylarym töhmetleri bilen maňa hüjüm edende özleri büdreýär hem-de ýykylýar.
Zebur 26:2
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
24 sen 2026
Psalms 73:28
23 sen 2026
Ezra 9:9
22 sen 2026
Psalms 104:34
21 sen 2026
Romans 8:28
20 sen 2026
Proverbs 3:13
19 sen 2026
1 Peter 5:10
18 sen 2026
Psalms 119:18