Şunlukda, çüýreýän ten çüýremezlige, ölýän ten ölmezlige beslenende, «Ýeňiş ölümi ýuwutdy» diýlen sözler berjaý bolar.
1 Korintoslylar 15:54
Gündelik Ýagtylyk
Şunlukda, çüýreýän ten çüýremezlige, ölýän ten ölmezlige beslenende, «Ýeňiş ölümi ýuwutdy» diýlen sözler berjaý bolar.
1 Korintoslylar 15:54
Ýöne Hudaýa müň-de bir şükür! Ol Rebbimiz Isa Mesih arkaly bize ýeňiş berdi.
1 Korintoslylar 15:57
Bu çagalar ynsan bolandyklary üçin, Isa hem olar ýaly ynsan boldy. Ölüme duçar edýän iblisi Ol Öz ölümi arkaly ýok etdi we ömürboýy ölüm gorkusynyň gulçulygyndaky ynsanlaryň hemmesini azat etdi.
Ýewreýler 2:14-15
Eger biz Mesih bilen ölen bolsak, onda Onuň bilen ýaşajakdygymyza hem ynanýarys. Biz Mesihiň ölümden direlip, asla ölmejekdigini, ölümiň indi Oňa öz hökümini ýöredip bilmeýändigini bilýäris. Isa Mesih Öz ölümi arkaly günäniň ygtyýaryny müdimilik ýok etdi. Onuň häzirki ýaşaýşy bolsa diňe Hudaýyň şöhraty üçindir. Şoňa görä-de, siz hem özüňizi günä üçin öli, Isa Mesih bilen birigendigiňiz sebäpli Hudaý üçin diri saýyň.
Rimliler 6:8-11
Ýöne biz özümizi Söýýän arkaly bu kynçylyklaryň baryny ýeňýäris.
Rimliler 8:37
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
25 sen 2026
James 1:4
24 sen 2026
Psalms 73:28
23 sen 2026
Ezra 9:9
22 sen 2026
Psalms 104:34
21 sen 2026
Romans 8:28
20 sen 2026
Proverbs 3:13
19 sen 2026
1 Peter 5:10