Mesihde galmak, Mesihden hemişe garaşly bolup ýöremek üçin biziň artykmaçlygymyzy, şeýle hem jogapkärçiligimizi görkezýär. Biriniň aýdyşy ýaly, Mesihde galmak, Oňa ýüregiň hemişe ýakyn bolmagydyr. Eger biz miwäniň Mesihiň häsiýetiniň gaýtadan döremegidigini, “söýgi, şatlyk, özüňi saklamak” bilen aňladylýandygyny öwrenen bolsak, onda şeýle ideala öz güýjümiz bilen ýetip bilmejekdigimizi düşüneris. Bir tarapdan miwäniň ahlak taýdan ajaýyplygyny, beýleki tarapdan bolsa öz gaty gowşaklygymyzy bilmek, Rebbiň “Mensiz siz hiç zat edip bilmersiňiz” diýen sözleriniň hakykatdygyna bizi ynandyrar. Onuň miwesi biziň tagamymyza hakykatdan-da süýji bolup biler, ýöne biz diňe Onuň kölegesinde galanymyzda Onuň miwesinden dadarys.
Günüň ýagtylygy we ýylylygy bolmasa, tebigy üzüm miwe berip bilmezdi, we biz Mesihiň barlygynyň ýagtylygynda we söýgüsinde galmasak, biz hem miwesiz bolaris. Eger biz Mesihde galsak, onda Mesih hakykatdan-da bizde bolar, we eger Mesih bizde bolsa, biz Mesihiň söýgüli häsiýetini görkezeris.
Şeýlelik bilen, miwäniň miwäni maksat edinmek ýa-da miwe hakda pikir etmek bilen dörämeýändigi aýdyň bolýar; ol Mesihi maksat edinmegiň, Ol hakda pikir etmegiň netijesidir. Mesih miwäniň öňünden gelýär.
