Takmynan 1830-njy ýylda Jorj Wilson atly bir adam poçta ogurlap ýörkä tutulanda hökümet işgärini öldürdi. Wilson kazyýetde sud edildi we asylmaga höküm edildi. Emma Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Endrýu Jekson Wilsona günäsini geçmek barada hat iberdi. Şonda Jorj Wilson geň bir zat etdi: ol günäsini geçmek baradaky haty kabul etmekden ýüz öwürdi. Hiç kim näme etmelidigini bilmeýän ýalydy, şonuň üçin Wilsonyň işi ABŞ-nyň Ýokary Kazyýetine iberildi.
Baş kazy Marşall öz pikirini ýazdy:
“Günäni geçmek – bu bir kagyz bölegi, onuň gymmaty günäsi geçiljek adamyň ony kabul etmegi bilen kesgitlenýär. Eger ol ret edilse, onda ol günäni geçmek däldir. Jorj Wilson asylmaly.” Şeýle hem edildi.
Mesih Isa pygamberiň haçy ähli adamlar üçin Hudaýyň söýgüsiniň açylyşydyr. Biz gorkak we lapykeç edýän zatlary edip, Hudaýyň ýüregine uly agyry getirip bileris, ýöne haçda biz Onuň bizden hiç haçan ýüz öwürmeýändigini görýäris. Şol gün Golgotada adamlar bilen Hudaýyň arasyndaky gatnaşykda hemişelik üýtgeşiklik döreden bir zat boldy. Isa pygamberiň söýgüsi Onuň ýüzüne tüýkürmek, masgaralamak we gargamak bilen zyňylanda-da, ol bozulmady.
Mesih Isa pygamberiň haçdaky ölümi Hudaýyň iberen günäni geçmesidir. Ol ýerde, Haçda, Ol öz uly söýgüsi we merhemeti sebäpli biziň günämiziň jezasyny töledi. Ýöne ol günäni geçme bolmazdan ozal, biz ony iman we tabynlyk bilen kabul etmelidiris. Günäden we onuň dowzahda Hudaýdan ebedi aýrylyşmak netijesinden diňe haç arkaly halas bolup bileris.
Ine, ýalan sözläp bilmeýän Hudaý näme diýýär:
- Her bir ynsan günäkärdir (Rimliler 3:23)
- Hudaýyň günä üçin jezasy ölümdir (Rimliler 6:23)
- Uly söýgüsinde Hudaý günäkärleri halas etmek üçin çäre gördi (Rimliler 5:8)
- Her bir adam öz ynamyny Reb Isa Mesihe goýmaly, Ol söýgi sowgadyny kabul edýänlere mugt halas bolmagy hödürleýär (Rimliler 10:9–10, 13)
Režissýor sahna çykanda, oýun gutarýar. Reb höküm etmek üçin gaýdyp gelende, ähli tebigy älemiň düýş ýaly eräp, täze bir zadyň gelýändigini göreniňde, şonda Onuň tarapyndadygyňy aýtmagyň näme peýdasy bar? Bu gezek Hudaý ýaşyrynmaz; şeýle bir güýçli zat bolar welin, her bir jandara ýa-da garşy durup bolmaýan söýgini ýa-da garşy durup bolmaýan elhençligi urar. Şonda öz tarapyňy saýlamak gaty giç bolar. Munuň ýerine, bu biz hakykatdanam haýsy tarapy saýlandygymyzy, muny öň bilýärdikmi ýa-da ýok, şony biljek wagtymyz bolar. Indi, şu gün, şu pursat, dogry tarapy saýlamak üçin mümkinçiligimiz bar.
“Ogluna iman edýän ebedi ýaşaýşa eýedir; Ogluna iman etmeýän bolsa ýaşaýşy GÖRMEZ; ýöne Hudaýyň gazaby onuň üstünde galar” (Ýahýa 3:36).
Siz Reb Isa Mesihde Hudaýyň bagyşlamasyny kabul etdiňizmi? Eger ýok bolsa, kabul edersiňizmi?






