Iýul/Awgust 2014 — Merhemet we Hakykat Žurnaly
Iň ýokary ygtyýarlyk
Hudaý üçin ähli ygtyýarlyk direlen Halasgäriň elindedir – gökde we ýerde ähli ygtyýarlyk. Ol asmana gitmezden ozal muny aýtdy, çünki Matta Injili bizi asmana çykmakdan aňryk alyp gitmeýär, ýöne Ol asmana gidensoň hem bu hakykat şeýle. Ol Hudaýyň gök we ýer üçin niýet eden we wada beren ähli zatlaryny ýalňyşsyz amala aşyrar.
Bu älemiň hiç bir bölegi Hudaýyň islegi bilen Isa Mesihiň ygtyýarlygyna tabyn edilmedik däl. Siz ähli milletleriň arasynda gidip, adamlary Mesih üçin talap edip bilersiňiz. Ol beren tabşyrygynda: “Ähli milletlere gidiň” diýdi. Siz islendik ýurtda bolup bilersiňiz we häkimiýetlere tabyn bolup ýöremäge çalyşýarkaňyz, Rebbiň sizi şägirtler ýetişdirmek üçin şol ýere goýandygyny ykrar etmeli.
Häkimiýetler Injile garşy çykmaga meýilli bolup bilerler. Biziň işimiz, elbetde, häkimiýetlere garşy çykmak däl, eýsem, Rebbe gulluk edýän ýönekeý mesihçiler bolmakdyr. Biz bu hakykaty kalbymyzda oýup ýazmaly: Nirede bolsak-da, Ol Öz Sözüne ýer açyp biler. Mesihçileriň duçar bolýan kynçylyklary nähili bolsa-da, älemde iň ýokary ygtyýarlyga ýüzlenmek hemişe mümkinçilik bar.
Birnäçe ýyl bäri biz belli bir döwletde işledik, onuň ygtyýarlygyny ykrar etmeli bolduk. Biz näbelli şahslar hökmünde gitdik – diňe Şöhrat Rebbi üçin bellidik. Biz ol ýere baran badymyza, belli bir toparyň döwletiň biziň ýerleşmek isleýän ähli böleginde dini ygtyýarlygy talap edýändigini we biziň kowulmagymy talap edýändigini gördük. Soňra biziň içaly bolandygymyz barada myş-myşlar ýaýrady, netijede beýleki toparyň dini täsirinden başga-da, döwletiň syýasy güýçleri bize garşy boldy. Ýerli hökümet işgäri başga ýere gitmelidigimizi aýtdy. Bu has güýçli häkimiýetler tarapyndan tassyklanyldy, ahyrsoňy iň ýokary hökümet işgäriniň özünden ol ýerden gitmelidigimiz barada hatlar aldyk.
Soňra, öz maksatlary üçin isleglerini hile bilen gazanmak üçin, beýleki dini topar patyşanyň kararyny çykartdy, onuň maksady bizi ýurtdan kowmakdy. Şeýlelikde, ýerli işgärden merkezi hökümdara çenli, biziň gitmegimizi talap edýän bu ýer ýüzündäki ygtyýarlyk bardy. Hudaýyň merhemeti bilen biz şu güne çenli ol ýerde işimizi dowam etdirdik. Hudaý her bir hile garşy çykdy.
Şol wagt biz bu döwletde, Hudaýdan ýol açmagyny dileýärdik, meniň dogduk ýurdumyň ilçisi bize şeýle ýazdy: “Men size hususy şahs hökmünde ýazýaryn, eger siz maňa ýüz tutsaňyz, men siziň işiňizi çözüp bererin.” Bu, “Eger siz özüňizi meniň ygtyýarlygymyň gujagyna atsaňyz, men siziň maksadyňyzy gazanmak üçin ýurdumyzyň ähli täsirini ulanaryn” diýmek ýalydy. Men jogap berdim: “Biziň kalbymyzyň adaty diňe Rebbiň ýüzüne seretmekdir, ýöne – ony ret etsek-de – siziň hoşniýetli teklibiňiz üçin sag boluň.” Siz Hudaýyň bizi taşlandygyny pikir edýärsiňizmi?
Öňüňizde nähili diwar bolsa-da, siz Isa Mesih Rebbiň ýönekeý ynamy bilen öňe gidip bilersiňiz, Oňa gökde we ýerde ähli ygtyýarlyk berildi. Ähli patyşalyklar bilelikde Onuň kararlaryna garşy durmaga güýji ýok. Biz Rebbiň ýüzüne seredip bileris! Nähili kynçylyklarymyz bolsa-da, has erbetleşýän howplar bolsa-da, muny ýüregimize alalyň: Biziň çeşmämiz Isa Mesih Rebde. “Oňa gökde we ýerde ähli ygtyýarlyk berildi.” Biz Mesihden daşary çykmaly däl. Biz islendik milletde Oňa derrew we göni ýüzlenip bileris.
Eger siz bu “mesihçi” ýurtlarda bolsaňyz, olar Injili wagyz etmek üçin kynçylyklaryň artmagy bilen hakykatdan çaltlyk bilen dinden dönýärler [ret edýärler], siz dünýewi häkimiýetlere seretmeli däl, ýa-da hiç hili dünýewi goldaw ýa-da täsir gözlemeli däl, eýsem, ýönekeý we göni Rebbiň ýüzüne seretmeli. Her bir ýönekeý we hakyky ýürekli mesihçi işgär Iň ýokary ygtyýarlyga göni elýeterlilige eýedir. Diplomatiýa üçin mesihçiligimizi gizlemegiň zerurlygy ýok. Siz Mesihiň, gökde we ýerde Iň ýokary güýjüň ygtyýarlygyna eýe bolup, Onuň isleginiň her bir böleginiň ýerine ýetirilmegini talap edip bilersiňiz.
Ol: “Men siziň bilen hemişe” diýýär. – ýagty günler, garaňky günler, asyryň soňuna çenli. Onuň ygtyýarlygy peselmeýär.
(StemPublishing.com-dan rugsat bilen ulanyldy)






