SORAG:
Biz doga-dileglerimizi Isa ady bilen, Rebbiň ady bilen, Nazaretli Isanyň ady bilen ýa-da başgaça tamamlamalymy?
JOGAP:
Köp butparaz dinlerden tapawutlylykda, Hudaýyň Sözi bize doga edenimizde ulanmaly belli bir formulalary bermeýär. Aslynda, Matta 6:7-de Reb Isa Öz yzyna eýerijilerine doga edenlerinde boş gaýtalamalary ulanmazlygy açyk aýtdy. Köp mesihçiler Onuň açyk aýdan zatlaryny ýa görmeýärler ýa-da hiç haçan düşünenoklar, sebäbi olar köplenç Matta 6:9-13-de doga-dileglerimiz üçin beren gysgaça beýanyny ýa-da nusgasyny sözme-söz gaýtalaýarlar we muňa «Rebbiň dogasy» diýýärler. Siz hiç haçan bu doga-dileglerimiziň nusgasynyň «Isa ady bilen» ýa-da ýokardaky soragda agzalan beýleki sözler bilen tamamlanmaýandygyny belläpmidiňiz?
Isanyň gullugynyň başynda, eger Onuň şägirtlerinde bir mesele ýa-da zerurlyk bolsa, olar göni Onuň ýanyna gelýärdiler. Onuň ady bilen doga etmegiň zerurlygy ýokdy, sebäbi olar göni Onuň ýanyna gelip bilýärdiler. Injilleri okap çykanymyzda, Oňa getirmäge gaty kyn zat ýokdugyny görýäris.
Haça çüýlenmezden öňki agşam ol Öz şägirtlerine gidýändigini we olaryň öňki ýaly Onuň ýanyna gelip bilmejekdiklerini aýtdy. Emma olara Hudaý Ata bilen Öz ady bilen gürleşip biljekdiklerini ynandyrdy: «Meniň adym bilen Atadan näme soraýsaňyz, Ol size berer.» Olara Atanyň olary söýýändigini, sebäbi olaryň Ony söýendiklerini we Onuň Hudaýdan gelendigine ynanandyklaryny aýtdy (Ýahýa 16:23-27). Şol agşam ol öňräk Öz ady bilen näme soraýsalar, Ony ýerine ýetirjekdigini wada berdi (Ýahýa 14:13-14).
Isa bu ýazgylaryň hiç birinde Öz şägirtleriniň doga-dileglerini «Isa ady bilen» sözleri bilen ýa-da şoňa meňzeş sözler bilen tamamlamalydygyny aýtmandygyny belläň. Ol doga-dileglerimizde haýsy sözleri ulanmalydygymyz barada hiç ýerde islegini, has-da buýrugyny görkezmeýär. Adam sözlere gulak asýarka, Hudaý ýürege seredýär (1 Şamuwel 16:7). Ol doga edenimizde ýüregimiziň garaýşyny bilýär. Biziň dogamyz diňe bir öwrenen we gaýtalaýan bir däpmi ýa-da adaty bir dilegmi? Biz Hudaýa bir zady ýatlatmaga haklydygymyzy duýýarysmy? Biz Hudaýa şükür edýärismi, Ony wasp edýärismi, Oňa sežde edýärismi, kimdir biri üçin dileg edýärismi? Biz dogamyz bilen näme gazanmak isleýäris?
Hudaý näme üçin biziň doga-dileglerimize gulak asmaly? Biz, topragyň gowşak jandarlary, Älemiň hökümdar Ýaradyjysyna ýakynlaşmaga nähili hakymyz bar? Biz Onuň Oglunyň ady bilen gelýäris. Biz elbetde bu ady Oňa agzap bilýäris, sebäbi Ol ony eşitmekden lezzet alýar, ýöne Ol biziň ýüreklerimizi bilýändigi üçin, şeýle agzamak Oňa aýratyn zerur däl.
Söweşde wepat bolan dostunyň kakasyny görmäge giden bir esger barada gürrüň berilýär. Kakasy baýdy we köşgünde ýaşaýardy. Hyzmatkärler ýyrtyk-ýyrtyk esgeri kowmaga taýýardylar, ýöne dostunyň adynyň agzalmagy ähli zady üýtgetdi. Oňa berlen garşylama gaty uly boldy! Kakasynyň gaty söýen oglunyň bu dosty üçin indi hiç zat gaty gowy däldi. Onuň dostuny haýsy sözleminiň haýsy ýerinde agzandygy hem ähmiýetli däldi. Oglunyň her bir ýatlatmasy bu kakanyň gulaklaryna şirin gelýärdi.
Biziň Hudaýymyz we Atamyz bilen hem şeýle. Onuň söýgüli Oglunyň her bir agzalmasy Onuň gulaklaryna şirin gelýär. Elbetde, biz bu gymmatly ady hiç hili ýaman, mukaddes däl ýa-da Onuň mübärek şahsyýeti bilen gabat gelmeýän zat bilen baglanyşdyryp bilmeris! Ýöne biz Onuň adyny dogamyzyň başynda, ortasynda ýa-da ahyrynda agzaýarysmy – ýa-da biz diňe şol ady agzamazdan Hudaýyň öňünde durýarysmy – hakykatda hiç hili ähmiýeti ýok. Şeýle hem bu at Hudaýa doga bilen ýakynlaşanymyzda her gezek edil şol bir görnüşde gaýtalanmaly bir mantra däl. Ýok, bu şol ady aýdyşymyzy onuň aňladýan zadynyň gymmatyndan has gymmatly eder.
Köp mesihçiler adatça Hudaý Ata doga-dileglerini Reb Isa ady bilen tamamlaýarlar. Bu näme sözleri ulanýandygymyza garamazdan ýalňyş däl. Ýöne geliň, bu adyň kimdigini we bu mukaddes adyň nämäni aňladýandygyny ýatda saklalyň. Bu doga-dileglerimiziň eşidiljekdigini we kabul ediljekdigini üpjün etjek jadyly formula däl. Biz göni Rebbimiz Isa bilen gürleşenimizde, Oňa göni ýakynlaşmagyň mübärek hukuklaryndan peýdalanýarys. Oňa Öz ady bilen doga edýändigimizi aýtmak zerurmy? Bu ýalňyş däl, ýöne elbetde zerur hem däl.





